“Hürriýet” gazeti, “Türkiýe dünýäniň üns merkezinde” söz başyly habarynda, Türkiýede 14-nji maýda geçiriljek saýlawlar hakyndaky habarlaryň daşary ýurt metbugatynda giňişleýin ýer alýandygyny ýazýar.
Germaniýada çap edilýän “Frankfurter Algemaýne” gazeti, türk raýatlarynyň Türkiýäniň Frankfurtdaky Baş konsullygynyň öňünde ses bermek üçin nobata durandygyny nygtaýar.
“Ýeni Şafak” gazeti, “Ýewropada türk saýlawçylary käbir bökdençiliklere sezewar bolýar” söz başyly habarynda, daşary ýurtlarda ýaşaýan we bellige alynan saýawçylaryň ses bermäge dowam edýändigini, beýleki tarapdan nemes hökümetiniň 9 saýlaw merkezini howpsuzlyk sebäpli ýapandygyny, Daniýada bolsa türk raýatlarynyň ses berýän saýlaw merkeziniň golaýyna yslam dinini kemsidýän şygaryň aşylandygyny, Fransiýanyň Marsel şäherinde ses bermäge giden raýatlaryň hüjüme sezewar bolandygyny mälim edýär.
“Star” gazeti, “Galla ylalaşygynda ynamdar ýurt Türkiýe” söz başyly habarynda, Wengriýanyň Daşary işler we söwda ministri Piter Siýartonyň, Russiýa-Ukraina söweşinde Türkiýäniň tagallasy netijesinde gazanylan galla geçelgesi ylalaşygynyň diýseň möhümdigi, parahatçylyk gepleşiklerinde hem Türkiýäniň uly rol oýnap biljekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.
“Watan” gazeti, “Türkiýe üçin täze buşlukly habar” söz başyly habarynda, Türkiýe nebitleri anonim firmasy TPAO tarapyndan berlen beýannamada, Judi-Gabarda tapylan nebit käninde 1 milliard barrel nebitiň bardygyna üns çekilendigini ýazýar.
“Sabah” gazeti, “Stambul halkara maliýe merkezi bolar”, Stambul maliýe merkeziniň Baş müdüri Ahmet Ihsan Erdemiň, Stambul maliýe merkeziniň fiziki mümkinçilikler taýdan döwrebap enjamlar bilen gurşalandygy we maýdarlaryň ähli isleglerini kanagatlandyryp biljekdigi hakyndaky sözlerine ýer berýär.
Stambul maliýe merkeziniň Baş müdüri Ahmet Ihsan Erdem “Stambul maliýe merkezi, sebitinde hem-de dünýäde ýakyndan tanalýan maliýe merkezi bolar” diýdi.