Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýurtda 23-nai aprel şowşuhy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Beýik Millet Meclisiniň açylan gününiň 103-nci ýyllygy hem-de 23-nci aprel Milli hâkimiýet we çagalar baýramçylygynyň bütin ýurtda uly dabara bile bellenilip geçilendigini ýazýar.

Türkiýäniň 81 şäherinde baýramçylyk mynasybetli dabaralar guraldy. Ýekşenbe gününe we Oraza baýramyna gabat gelmegi sebäpli düýn başlan dabaralar hepdäniň dowamynda-da dowam eder.

“Haber Türk” gazeti “Dünýäniň işkinci ýaragly uçarmansyz howa ulagy gämisi Prezident Erdoganyň şanyna atyş etdi” söz başyly habarynda, dünýäniň ilkinci ýaragly uçarmansyz howa ulagy gämisi “TCG Abadolynyň” 23-nci aprel Milli häkişmiýet we çagalar baýramçylygynda Dardanel boğazyndan geçendigini mälim edýär. Bogazdan geçýärkä Prezident R.T.Erdoganyň şanyna 21 sany top atyşyny edendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Üstünlik we buýsanç” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň iň uly hyýaly bolan “TCG Anadoly” taslamasyny iş ýüzüne geçirendiklerini aýdandygyna ünsleri çekýär. Nobatdaky maksadyn “TCG Anadolydan” has ulusyny gurmakdygyny nygtan Erdogan; “Bu meselelerde ispanlar we iňlisler bilen gepleşikler geçirdim. Şol gepleşikleriň neticesinde iki tarapdan hem oňyn cogaplar aldyk” diýdi.

“Star” gazeti “Nemes syýahatçysynyň Türkiýe hakyndaky öwgüsi” söz başyly habarynda, nemes syýasatçysy we ýazycy Kristop Hýorseliň Türkiýäniň garaşsyz syýasatlaryny görelde hökmünde görkezendigine üsleri çekýär. Germaniýadanyň hem Waşingtondan garaşsyz galmagy üçin Türkiýäniň syýasaty ýaly syýasat alyp barmalydygyny beýan eden Hýorsel, Ýewropany dogry gönükdircek adamyň Prezident R.T.Erdogan bolcakdygyny aýtdy.

“Hürriýet” gazeti “Forwesiň TB2 hakyndaky üns çekici analizi” söz başyly habarynda, dünýäniň ençeme ýurduna eksport edilen, söweşde we parahatçylykda iş alyp barýan türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň Amerikan metbugatynyň hem gün tertibine gelendigini ýazýar.

Türk goranyş senagatynyň öňdebarycy firmalaryndan “Baýkaryň” öndüren dronlaryny selceren “Forbes” žurnaly, üns çekici analiz çap etdi. Žurnal “Türk dron senagaty geçen ýyllaryň dowamynda dünýä derecesinde onlarça ýurt tarapyndan islenýän “Baýraktar TB2” dron bilen beýgeldi” diýip ýazdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny