“Haber Türk” gazeti “Stambul Maliýe Merkezi açyldy” söz başyly habarynda, Stambul Maliýe Merkezi taslamasynyň banklar tapgyrynyň açylandygyny mälim edýär. Prezident R.T.Erdogan dabarada sözlän sözünde: “Bu merkeziň esasy aýratynlygy, nähili strategik we öňden görülen taslama bolandygy geljekki ýyllarda hasam özüni görkezer” diýdi.
“Star” gazeti “Ministr Akar: 12 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn terror guramasy PKK-nyň Siriýanyň demirgazygynda 4 esgeriň ýaralanan hüjümine essesi bilen gaýtawul görkezilendigini we 12 terrorçynyň täsirsiz ýagdaýa getirilendigini aýdandygyny ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Ministr Dönmez: Tebigy gazyň nurbady açyldy, gaz akdyrmaga başladyk” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň Gara deňizde tapylan tebigy gazyň gury ýere getirilmegi boýunça ýetilen sepgit hakynda; “Düýn gije tebigy gaza guýularynyň nurbadyny açyp, esasy geçirijä gaz akdyrmaga başladyk.
Maksadymyz penşenbe güni tebigy gazy gury ýere getirmek” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “ABŞ-nyň Türkiýe üçin F-16 karary” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň Türkiýäniň bar bolan F-16 harby uçarlarynyň aragatnaşyk ulgamy Link-16 taktiki maglumat aragatnaşyk torunyň döwrebaplaşdyryş enjamlarynyň satuwyny tassyklandygyny Kongresse habara berendigini ýazýar.
“Watan” gazeti “Ministr Warank: “İMEJE-niň” ýerlilik mukdary 90 göterime barabar” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň; “ “İMEJE-niň” ýerlilik mukdary 90 göterime barabar. Sebäbi biz “İMEJE-niň” enjamlaryny hem ýerli we milli şertlerde öndürdik” diýendigine ünsleri çekýär.