Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Dünýäde biziň ýalysy ýok” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 650 müň täze ýaşaýyş jaýyny gurup, bir ýylyň dowamynda ýer titremäniň bolan sebitlerini dikeltjekdigini beýan edip; “Hat-da baýramçylykda gurluşygy gutaran ilkinji oba öýlerimizi eýelerine gowşurarys.

DFünýä şeýle uly betbagtçylykdan 2,5 aý geçenden soň raýatlaryna öý bermäge başlamagyň hötdesinden geljek başga döwlet ýok.Başga hökümetem ýok” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “ “TJG Andoly” Saraýburnuna geldi” söz başyly habarynda, dünýäniň ilkinji ýaragly uçarmansyz howa ulagy gämisi “TJG Anadolynyň” Stambulyň Saraýburny portuna gelendigini mälim edýär. Saraýburny portuna labyryny taşlan gämi, 17-nji aprelde sagat 13.00-18.00 aralygynda, 18-23-nji aprel aralygynda 10-18.00 aralygynda halkyň görmegine açyk bolar.

“Hürriýet” gazeti “Togg” dünýä bazaryna çykar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň awtoulagy “TOGG-uň” dünýä bazarlaryna çykarylmagy üçin taýýarlyk görülýändigini mälim edýär. “TOGG-uň” daşary ýurt bazarlaryndaky ilkinji maksady Ýewropa. Firma ýaýbaňlandyrylan üpjünçilik ulgamyny döredip, global elektrik ulag bazaryna 2024-nji ýylda girmegi nazarda tutýar. “T10X” modeli ilkinji etapda uly markalar bilen bäsleşip biljek şertlere eýe bolar.

“Sabah” gazeti “ “İMEJE” hemrasy grek metbugatynda” söz başyly habarynda, Türkiýäniň ilkinji gözegçilik hemrasy “İMEJE-niň” grek metbugatynyň ünsüni çekendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. “Katimerini” gazeti hemranyň 680 kilometrlik orbitada boljakdygyny, gorany, tebigy betbagtçylyklar, daşky gurşaw we şähergurluşyk hem-de oba hojalyk pudaklarynda ulanyljakdygyny ýazdy.

“Haber Türk” gazeti “Aýwalykda maksat 450 müň syýahatçy” söz başyly habarynda, Balykesir welaýatynyň syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Aýwalygyň häkimi Mesut Erginiň; “2022-nji ýylda ýerli we daşary ýurtly 300 müň syýahatçy kabul etdik. Şu ýyl ony 50 göterim artdyrmagy maksat edinýäris” diýen sözlerini çap edýär. Aýwalyk medeni ýadygärlikleri, deňizi, gumaklary, güneşi bilen syýahatçylyk üçin çekiş merkezlerinden biri.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan, Kipr Parahatçylyk Hereketiniň 50 Ýyllygyna Bagyşlanan Çärelere Gatnaşar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
TJG Anadoly gämisi halk köpçüligine açylar
TJG Anadoly gämisi bir hepdäniň dowamynda raýatlara açyk bolar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny