“Sabah” gazeti, “Erdoganyň sözleri dünýäniň gün tertibinde” söz başyly habarynda, 14-nji maýda geçiriljek prezidentiň we halk deputatlygy saýlawlary hakyndaky habarlaryň dünýäniň gün tertibinde esasy orun eýeleýändigini ýazýar.
Daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleri, Prezident R. T. Erdogan tarapyndan yglan edilen Adalat we ösüş partiýasynyň saýlaw beýannamasy hakyndaky habarlara giňişleýin orun berdi. “Bloomberg” Erdoganyň saýlawdan soňky tapgyrda iş ýüzüne geçiriljekler hakynda maglumat beren bolsa, “BBJ” Erdoganyň täze wadalar bilen orta çykandygyny ýazýar.
“Star” gazeti “İňlis mediasy: Türkiýe dünýäde ilkinji bolup iş ýüzüne geçirer” söz başyly habarynda, Türkiýäniň 50 ýaragly uçarmansyz howa ulagyny “TJG Anadly” gämisine ornaşdyryp, dünýäde görülmedik başlangyç etjekdigini ýazan iňlis mediasynyň; “Türkiýe deňiz söweş taryhynda-da täze konseptiýa düzmek üçin taýýarlyk görýär” diýip, mälim edýär.
“Watan” gazeti “Togg” Türki dünýäniň ýüreginde” söz başyly habarynda, ilki Prezident R.T.Erdogana we maşgalasy Emine Erdogana gowşurylan Türkiýäniň elektrikli ulagy “Togguň” Azerbaýjandan soň türki dünýäniň ýüreği Özbegistana barandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Roketsan” soňky tehnologik enjamlary bilen Braziliýada” söz başyly habarynda, “Roketsan” firmasynyn Latyn Amerika sebitindäki goranyş we howpsuzlyk senagaty boýunça esasy çärelerden biri bolan “LAAD goranyş we howpsuzlyk” sergisine gatnaşýandygyny ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Ersoý: Syýahatçy kabul edýän ýurtlaryň hatarynda üçünji orny eýeledik” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýuň Halkara Gündogar Ortaýer denizi syýahatçylyk sergisinin açylyşynda sözlän sözünde, türk syýahatçylyk pudagynyň pandemiýanyň başynda uly başlangyç edendigini nygtap; “Biz esasy syýahatçy kabul edýän ýurtlaryň hatarynda üçünji orny eýelemegiň hötdesinden geldik” diýdi.