Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “MHG-niň jarnamasynda ýer titremesine üns çekildi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň başlyklyk etmeginde geçirilen Milli howpsuzlyk geňşiniň mejlisinden soň çap edilen jarnamada, 6-njy fewraldaky ýer titremelerden soň ýüze çykan ýagdaýyň seljerilip, sebitdäki ýaşaýyş şertleriniň gysga möhletde kadalaşdyrylmagynyň ähmiýeti hakynda durlup geçilendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Finlýandiýanyň NATO agzalygy tassyklandy” söz başyly habarynda, Finlýandiýanyň NATO goşulmak hakynda habarnamanyň tassyklanmagy baradaky kanun teklibiniň Türkiýäniň Beýik Millet Mejlisinde kabul edilendigini mälim edýär.

“Watan” gazeti “Gyzylalmanyň ýene bir üstünligi” söz başyly habarynda, “Baýkaryň” dolulygyna öz serişdeleri bilen öndüren “Baýraktar Gyzylalma” uçarmansyz harby uçarynyň uçuş synaglarynyň üstünlikli dowam edýändigini ýazýar. Orta belentlikde ulgam kesgitleýiş synagy hem üstünlik bilen geçirildi.

“Star” gazeti “Türkiýä ilkinji sapar başlady” söz başyly habarynda, Ysraýylyň Sun d’Or howaýollarynyň 16 ýyl aradan soň Türkiýä uçar saparlaryny başladandygyny mälim edýär.

“Sabah” gazeti “Russiýada Türkiýä tomusky dynç alyş bukjalarynyň 30-40 göterimi satyldy” söz başyly habarynda, Russiýanyň syýahatçylyk gulluklarynyň bileleşiginiň rus syýahatçylyk gulluklarynyň irki rezerwasiýa kampaniýasynyň çäginde Türkiýedäki tomusky dynç alyş bukjalarynyň 30-40 göterimini satandygyny habar berendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny