
“Watan” gazeti “Erdogan: Ýykylan her bir binany gaýtadan gurarys” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 6-njy fewralda merkezi Kahramanmaraşda bolan we 11 welaýatda weýrançylyklary getiren ýer titremelerden soň 17,902 ýaşaýyş jaýynyň gurluşygyna badalga beriş dabarasynda sözlän sözünde;“Ýykylan her bir binany gaýtadan gurup, şäherlerimizi dikeldip, abadanlaşdyrarys” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Asyryň arkalaşygy kampaniýasy başladyldy” söz başyly habarynda, Kommunikasiýalar edarasynyň “asyryň betbagtçylygy” atlandyrylýan ýer titremelerden soň edilen arkalaşyga ünsi çekmek maksady bilen “Biz bilelikde Türkiýe” şygary bilen “Asyryň arkalaşygy kampaniýasyny” başlandandygyny ýazýar.
“Sabah” gazeti “Altaý gelýär! Ulanmaga beriljek wagty belli boldy” söz başyly habarynda, türk harby goşunlarynyň gury ýerdäki hökmürowanlygyny berkitjek milli şertlerde önüdirlýän “ALTAÝ” tankynyň 23-nji aprelde synaglar üçin Türk ýaragly güýçlerine gowşurylmaga başlanjakdygyny mälim edýär.
“Star” gazeti “Saglyk syýahatçylygynda 25-30 göterimlik artyş” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Saglyk syýahatçylygy jemgyýetleriniň defederasiýasynyň Başlygy Tewfik Ýazanyň saglyk syýahatçylygynda 2023-nji ýylda girdeji we keselli sanynyň 25-30 göterimlik artyşa garaşýandyklaryny aýdandygyna ünsleri çekýär.
“Hürriýet” gazeti “Stambul howa menzili Ýewropada birinji” söz başyly habarynda, Ýewropanyň awiagatnaw howpsuzlygy guramasynyň fewral aýy boýunça howa gatnaw habarnamasyna görä Stambul howa menziliniň Ýewropanyň iň gelim-gidimli howa menzili bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Ulaglar we infrastruktruktura ministri Adil Karaismailoglunyň “Stambul howa menzili fewral aýynda 35,569 uçuş, 5,136,413 ýolagçy bilen Ýewropada birinji orunda.Howa menzilimiz millionlarça ýolagçymyzy ýokary hyzmat hili bilen kabul etmäge dowam edýär” diýip ýazandygyny mälim edýär.