“Haber Türk” gazeti “Koreýa Respublikasynyň dövlet Ýolbaşçysy Türkiýe bilen “hakyky doğanlyk ýurt” bolandyklaryny aýtdy” söz başyly habarynda, Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Ýun Sukýolyň 6-njy fevralda Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň gözleg-halas ediş işlerine gatnaşan Koreýanyň Tebigy apatlara kömek topary bilen geçiren duşuşygynda; “Beren kömeklerimiz iki ýurduň hakyky doğanlyk ýurt bolandygyny görkezýän simvol bolar” diýendigini ýazýar.
“Sabah” gazeti “BMG: Türkiýedäki ýer titremelerde çekilen ýitginiň mukdary 100 milliad dollardan geçjekdigi çaklanylýar” söz başyly habarynda, BMG-niň Galkynyş maksatnamasynyň Türkiýedäki vekili Luiza Vintonuň Türkiýede ýer titremelerde çekilen ýitginiň 100 milliard dollardan geçjekdiginiň çaklanylýandygyny mälim edendigini okyjy köpçüginiň dykgatyna ýetirýär.
“Hürriýet” gazeti “Gyzylalma Amerikan mediasynda” söz başyly habarynda, “Baýkar” tarapyndan öndürilen ve 23-nji ýanvarda ilkinji synag uçuşyny üstünlik bilen tamamlan Türkiýäniň milli uçarmansyz harby uçary “Gyzylalmanyň” Amerikan mediasynyň üns merkezine övrülendigini mälim edýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Bäş pudak eksportda rekord goýdy” söz başyly habarynda, Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerde zyýan çeken velaýatlarda önçüligiň ve ykdysady pudagyň bökdelendigine garamazdan senagatyň 5 ugrunda ähli dövürleriň iň ýokary ýanvar-fevral eksportunyň amala aşyrylandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirilýär.
“Star” gazeti “Stambul hova menzilinden ýene-de bir bunsaç” söz başyly habarynda, Stambul hova menzilinin Halkara hova menzilleri geňeşi ve syýahatçylyk tehnologiýasy firmasy “Amadeus” tarapyndan ýolagçy tejribelerine görä geçirilen sovalnamada dünýäniň amatly hova menzilleriniň hataryna goşulandygyny mälim edýär.