Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: Bu millet 14-nji maýda borjuny berjaý eder” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň Mejlisdäki toparynyň maslahatynda çykyş eden Prezident R.T.Erdoganyň saýlawyň geçiriljek wagty goýunça diskusiýalara soňky nokady goýandygyny ýazýar. Erdogan; “Şuny ýatdan çykarman; bu millet enşalla 14-nji maýda borjuny berjaý eder” diýdi.

“Watan” gazeti “San Andreas jaýrygyna ekizi ýaly meňzeýär” merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleriň ABŞ-da ylmy barlaglara tema bolýandygyny ýazýar. Onuň sebäbi bolsa Gündogar Anadoly Jaýrygynyň ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatyndan geçýän San Adreas jaýrygyna ekizi ýaly meňzemegi. “Nýu-Ýork Taýsm” gazetiniň ýazmagyna görä alymlar Türkiýedäki ýer titremeleriň Kaliforniýada bolmagy ähtimal ýer titremeler boýunça iňňän uly tejribedigini beýan edýärler.

“Star” gazeti “Ýewronýusyň” Türkiýe hakyndaky analizi: Bes etmek ýok” söz başyly habarynda, halkara habarlar portaly “Ýewronýusyň” “Türkiýe dünýäniň ähli ýerinde syýahatçy çekýär” söz başyly habarynda, 2022-nji ýylda 51 milliondan gowrak syýahatçynyň Türkiýä gelendigi mälim edilýär.

Stambulyň başda durmagynda Antalýa, Mugla, İzmir, Kappadokiýa we Konýa ýaly esasy şäherleriň ýer titremelerden zyýan çeken sebitlerden alysdadygyna üns çekilýän habarda, weýrançylyklary getiren betbagtçylyga garamazdan syýahatçylaryň syýahat meýilnamasyny yza süýşürmändigine üns çekilýär.

“Hürriýet” gazeti “Mudiz” Türkiýe üçin ösüş çaklamasyny ýokarlandyrdy” söz başyly habarynda, kredit derejelendiriş guramasy “Mudiziň Türkiýe üçin ösüş çaklamasyny 2023-nji ýyl üçin 2 göterimden 2,3 göterime, 2024-nji ýyl üçin bolsa 3 göterimden 4 göterime ýokarlandyrandygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türkmenistanyň Prezidentiniň Ýaşlar Watanyň daýanjy atly kitaby çapan çykdy, Gurbanguly Berdimuhamedow türkmen halkyna Täze ýyl gutlagyny iberdi, Serdar Berdimuhamedow iş sapary bilen Sankt-Peterburga bardy we beýleki habarlar
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
Mugla 11 Aýda 4 Milliona Golaý Syýahatçy Geldi
"Flying Fox" ýahtasy Mugla welaýatyna geldi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mugla Kruiz Gämileri Bilen 1 Ýylda 88 Müňden Gowrak Ýolagçy Geldi