Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti, “Dünýä liderlerinden Prezident Erdogana duýgudaşlyk telefonlary gelmäge dowam edýär söz başyly habarynda, Bolgariýanyň, Albaniýanyň, Maltanyň liderleri bilen Bosniýa-Gersegowinanyň Prezidium geňeşiniň ozalky agzasy Bakir İzetbegowiçiň Prezident R. T. Erdogana telefon edip, ýer titremeleri zerarly duýgudaşlyk bildirendiklerini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti, “Blinken bilen Çawuşoglu ýer titemesiniň başdan geçirlen sebitinde” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglu bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretary Entoni Blinkeniň düýn güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri zerarly uly ýitgi çeken Hataýa baryp görendigini nygtaýar.

“Hürriýet” gazeti, “Ministr Koja: Sebitde ýokanç kesel howpy ýok” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň, ýer titremeleriniň başdan geçirlen sebitlerinde ýokanç kesel howpy meselesi bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtap “Şol çäkde hazire çenli haýsydyr bir ýokanç kesele gabat gelinmedi” diýen sözlerine ýer berýär.

“Sabah”gazeti “Kapgan goranyş sergisinde sergilener” söz başyly habarynda, Türk goranyş senagatynyň çäginde öndürlen sürüjisiz gury ýer ulagy Kapganyň, Abu Dabide geçiriljek Halkara IDEX goranyş sergisiniň we konferensiýasynyň çäginde ilkinji gezek daşary ýurtda sergilenjekdigini habar berýär.

“Watan” gazeti “Türkiýäniň Aýlag ýurtlaryna edýän eksporty artdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Pars aýlag ýurtlaryna edýän eksportunyň, ýanwar aýynda geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 16,1 göterim artyp 1 milliard 431 million dollara barabar bolandygyny ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan Liwanyň premýer ministrini kabul eder
Erdogan Somaliniň we Efiopiýanyň liderleri bilen duşuşyk geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny