Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: halkym bilen birlikde munyň hötdesinden geleris” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň düýn güýç merkezi Kahramanmaraşda 6-njy fewralda bolan ýer titremeleri hakynda beren beýannamasynda, “Şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň halkym bilen birlikde munyň hötdesinden geleris” diýen sözlerine ýer berýär.

“Star” gazeti, “Çawuşogly: Ysraýyl Türkiýä ilkinjileriň hatarynda kömek ugradan ýurtlardan biri boldy” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinden soň Ysraýylyň Türkiýä ilkinjileriň hatarynda kömek ugradan ýurtlardan biri bolandygyny nygtap, Türkiýe bilen arkalaşykly hereket edýändiklerini we berýän goldawlary üçin Ysraýylyň döwletine we halkyna sagbolsun aýdandygyny ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygy: Ýer titremeleri diňe Siriýa we Türkiýä däl eýsem tutuş dünýä ýaramaz täsirini ýetirdi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Döwlet sekretarlygynyň metbugat geňeşçisi Ned Praýsyň, Kahramanmaraşda bolan güýçli ýer titremelerine ünsi çekip “Şol ýer titremeleri diňe Siriýa we Türkiýä däl eýsem tutuş dünýä ýaramaz täsirini ýetirdi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti, “ Stoltenberg: Türkiýedäki ýer titremeleri bizi aladalandyrdy” söz başyly habarynda, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň, düýn beren beýannamasynda, güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri bizi aladalandyrdy. NATO Türkiýä uly goldaw berýär. Şol goldawyň dowam etmegi üçin elimizden geleni ederis” diýen sözlerine ünsi çekýär.

“Sabah” gazeti, Bütindünýä Saglygy goraýyş guramasynyň Ýewropa ýurtlaryndan jogapkär ýolbaşçysy Hans Klugeniň güýç merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremeleri üçin “Ýewropada asyryň uly uly tebigy apatyna şaýatlyk edýäris” diýendigini nygtaýar.

Ýene degişli makalalar

“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
NATO-nuň Baş Sekretarlygyna Mark Rutte Saýlandy
Prezident Erdogan ABŞ-da saparda bolýar
NATO Sammiti Başlady
Russiýa: "NATO-nyň ýadro ýaraglary baradaky beýanaty ýagdaýy dartgynlaşdyrýar" diýdi
NATO Agza Ýurtlaryň Baş Ştabynyň Başlyklary Brýusselde Jemlenişdi
Türkiyäniň Prezidenti Bütindünýä howa Sammitine gatnaşýar