Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Erdogan; Ähli mümkinçiliklerimizi mobilizledik” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Kahramanmaraş welaýatynyň Elbistan we Pazarjyk etraplarynda bolan ýer titremelerinden zyýan çeken sebitlere baryp görendigini ýazýar. Çadyr şäherçesine baryp gören Erdogan; “Bar bolan ähli mümkinçiliklerimizi mobilizledik. Ähli welaýatlarymyzda ministrlerimiz bilen bilelikde işleri utgaşdyrýarys” diýdi.

Prezident Erdogan ýer titrmesinde agyr ýitgi çeken Hataý we Adana welaýatlaryna hem baryp, gözleg-halas ediş işleri hakynda maglumat aldy.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Koja: 10 welaýatymyzda 77 göçme hassahana açdyk” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň: “10 welaýatymyzda 77 göçme hassaha açdyk. Gyssaglyk saglyk hyzmatlaryny berýän hassahanalaryň kabirlerinde hirurgiki operasiýalary hem edýäris” diýen sözlerini çap edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Ýapon Professor Şinži: Türkiýedäki ýer titremesi dünýäde gury ýerde bolan iň güýçli ýer titremelerinden biri” söz başyly habarynda, ýapon seismology Professor Şinži Todanyň merkezi Kahramanmaraşda bolan ýer titremelerinin dünýäde gury ýerde bolan ýer titremeleriniň in güýçlilerinden biridigini beýan edip; “Garaşylmadyk derejede güýçli ýer titreme” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Haber Türk” gazeti “BSGG 3-nji dereje gyssagly ýagdaý yglan etdi” söz başyly habarynda, Bütindünýä saglygy goraýyş guramasynyň Kahramanmaraşdaky ýer titremeden soň iň ýokary gyssagly ýagdaý kabul edilýän 3-nji dereje Gyssagly ýagdaý yglan edendigine ünsleri çekýär. 3-nji derejede Gyssagly ýagdaý BSGG-nyň ähli mümkinçilikleriniň mobilizlenmegi manysyny aňladýar.

“Sabah” gazeti “Dünýä meşhur sungat ussatlary Türkiýä duýgudaşlyk bildirdi” söz başyly habarynda, Rassel Krow, Antoni Banderas, Dua Lipa, Bella Hadid, Huk Jekmen, Ženifer Karner we Demi Lowato ýaly dünýä belli sungat ussatlarynyň sosial media hasaplaryndan beren habarnamalarynda Türkiýä duýgudaşlyk bildirendiklerini ýazýar.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiýe- Müsür Gatnaşyklary
15-nji Iýul Gaýtadan Dogluşyň Hekaýatydyr
Germaniýada myhmanhananyň çökmegi netijesinde bir adam ýogaldy
Türkmenistanyň we Russiýanyň at gazanan tälimçisi Ýuriý Ambarsumow Aşgabat 2017“ Oýunlarynyň myhmany
Täze kinolar