Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Prezident Erdoganyň sözleri bütin dünýäde ýaňlandy” söz başyly habarynda, rasist syýasatçy Rasmus Paludanyň Gurhany ýakma aksiýasyndan soň Prezident R.T.Erdoganyň Şwesiýanyň hökümetine reaksiýa görkezendigini ýazýar. “Bizden NATO boýunça haýsydyr bir goldaw almarsyňyz” diýen Erdoganyň sözleri dünýä metbugatynda giň seslenme döretdi.

“Haber Türk” gazeti “Gollandiýanyň Türkiýedäki İlçisi Daşary işler ministrligine çagyryldy” söz başyly habarynda, Gollandiýanyň Türkiýedäki İlçisiniň Daşary işler ministrligine çagyrylandygyny mälim edýär. Daşary işler ministrliginden berilen beýannamada “Gollandiýanyň Gaga şäherinde yslam duşman bolan raýatlardan biriniň mukaddes kitabymyz Gurhana eden pespäl kemsitmesini berk ýazgarýarys” diýilýär.

“Sabah” gazeti “Prezidentiň Diwanynyň Metbugat sekretary Kalyn Gollandiýada Gurhana edilen äsgermezligi ýazgardy” söz başyly habarynda, Prezidentiň Diwanynyň Metbugat sekretary İbrahim Kalynyň Gollandiýada Gurhana edilen äsgermezçilik hakynda; “Bu faşistik ýigrenç jenaýatyny hiç kim azatlyk we hoşniýetlilik diýip, gorap bilmez. Ýewropa bu garaňky ýoldan çykmaly” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet”gazeti “Ministr Akar: Zap terrorçylardan saplandy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň “Penje-Gulp” operasiýasynda belli bir sepgide ýetilendigini nygtap; “Zap zolagy (Yragyň demirgazygy) esasan terrorçylardan saplandy. “Penje-Gulp” operasiýasy bilen Yrak serhedindäki 302 kilometrlik liniýa howpsuz, 506 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Watan” gazeti “Selçuk Baýraktaryň “Gyzylalma hakynda bildirişi” söz başyly habarynda, “Baýkar” firmasynyň Dolandyryjylar geňeşiniň Başlygy Selçuk Baýraktaryň; “Uçarmansyz harby uçarymyz “Gyzylalma” ulgama utgaşdyryş uçuşyny üstünlik bilen amala aşyrdy. Watanymyza-milletimize düşümli bolsun” diýen sözlerine ünsleri çekýär.

Ýene degişli makalalar

Gurbanguly Berdimuhamedowyň mukaddes Käbä zyýarat etmeginiň hormatyna Gökdepe metjidinde sadaka berildi
Aşgabatda metjitlere gözegçilik güýçlendirilip, “aşa dindarlar” gözlenýär
Ýunus Emre we onuň edebi dünýämizde tutýan orny
Türkmenistanda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulylar Geňeşiniň Maslahaty Geçirilýär
Türkmenistanda Türki Döwletleriň Guramasynyň Ýaşulylar Geňeşiniň Maslahaty Geçiriler
Çeçenistanda Gurhany Ýakan Nikita Žurawel 3,5 Ýyl Azatlykdan Mahrum Edildi
Türkmenistan Internetden VPN gözlemekde dünýäde birinji orny eýeledi