“Hürriýet” gazeti “Erdogan liderler bilen maslahatlaşdy, hücümleriň bes edilmegi boýunça neticä gelindi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn Russiýanyň we Ukrainanyň prezidenti Putin hem-de Zelenskiý bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirmeginden soň Kremlden hücümleriň bes edilmegi hakynda beýanat berilendigini ýazýar. Beýannamada Russiýanyň Ukrainada 6-7 ýanwaryň aralyğynda hücümleri bes etcekdigi habar berilýär.
“Star” gazeti “Damask bilen 11 ýyl soň ýokary dereceli duşuşyk” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Siriýa bilen başlan gatnaşyklary kadalaşdyrma tapgyry hakynda; “Russiýa-Türkiýe-Siriýa gepleşik tapgyryny başlatdyk. İlki daşary işler ministrlerimiz duşuşar, soň bolsa şertlere görä liderler duşuşar” diýen sözlerini çap edýär.
“Haber Türk” gazeti “Türk ýaragly güýçleri dünýäde 11-nci orunda durýar” söz başyly habarynda, merkezi ABŞ-da ýerleşýän harby güýç görkezicilerini analiz edýän “Global Firepower” internet sahypasynyň 145 ýurduň harby goşunlaryny tehnologik taýdan kämillik, hünärmen güýci, operasiýa ukyby ýaly özbolyşlyklaryny analiz edip, 2023-nci ýyl üçin düze sanawyny çap edendigini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Türkiýe sanawda ornuny üýtgetmän 11-nci boldy.
“Ýeni Şafak” gazeti “İki welaýata dowamynda 16 milliondan gowrak syýahatçy geldi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden Antalýa geçen ýyl howa ýoly bilen 13,5, Mugla bolsa 3 milliona barabar syýahatçynyň gelendigini mälim edýär.
“Sabah” gazeti “Karaismailogly: Kruiz ýolagçy sany 2022-nci ýylda 1 milliondan geçdi” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglunyň 2022-nci ýylda kruiz gämileri bilen gelen ýolagçylaryň sanynyn 22 esse ýokarlap, 1 milliondan geçendigini beýan edendigini ýazýar.