Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: “Türkiýe Asyryny” milletimiz bilen bilelikde gurarys” söz başyly habarynda, ýaşlara “Türkiýe Asyry” maksadyna ýetcek ýurt goýup gitmek isleýändiklerini beýan eden Prezident R.T.Erdoganyň şol maksada tarap millet bilen bilelikde ýörecekdiklerini aýdandygyny ýazýar. Erdogan; “Ýurdumyzyň syýasy, diplomatik, harby güýcüni artdyrarys. Arman-ýadaman gice-gündiz işläris” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Erdogan Afyna berk duýdurdy” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň 561 kilometr alysdaky nyşanany gyşarnyksyz uran “Taýfun” raketasynyň menziliniň 1000 kilometre ýetirilmegi üçin görkezme berendigini, onuň hem Gresiýa alada döredendigini aýdandygyny mälim edýär. Erdogan Gresiýany göz öňünde tutup; “Bize degmedige biz degmeris” diýdi.

“Sabah” gazeti “Pakistan Erdogany Nobeliň Parahatçylyk Baýragyna dalaşgärlige hödürledi” söz başyly habarynda, Pakistanyň Senatynyň Başlygy Muhammed Sadyk Sanžrani Erdogany Russiýa-Ukraina söweşinde edýän oňyn tagallalary sebäpli Nobeliň Parahatçylyk Baýragyna hödürländiklerini aýdandygyny ýazýar. Sanžrani; “Erdogan neticeli tagallalary bilen global apatyň öňüni aldy” diýdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe Al Aksa metcidi üçin duýduryş berdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Ysraýylyň Daşary işler mnistri Eli Kohen bilen geçiren telefon arkaly söhbetdeşliginde “Ysraýylyň Milli howpsuzlyk ministri Ytamar Ben-Gwiriň Al Aksa metcidi boýunça düýnki meçew berici çemeleşmesini kabuledilmesizdigini” nygtandygyny okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Gollandiýaly alym PKK/ÝPG-ni paş edýär” söz başyly habarynda, gollandiýaly alym Rena Netžese ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-niň garaňky ýüzüni açyp görkezendigi üçin ölüm hemlesiniň atylandygyny ýazýar.

Günbataryň terror guramasynyň garaňky ýüzüni görmek islemeýändigine ünsi çeken Netžes, emma muňa garamazdan PKK/ÝPG-ni paş etmäge dowam etcekdigini aýtdy.Gollandiýaly alym Siriýanyň demirgazygynda Türkiýäniň gözegçiligindäki zolaklaryň iň howpsuz ýerlerdigini beýan etdi.

Ýene degişli makalalar

Erdogan we Blinken Siriýadaky syýasy geçiş tapgyry hem-de Gazadaky genosid hakynda pikir alyşdy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Prezident Erdogan, Yragyň Premýer-ministri Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Prezident Erdogan Rus Kärdeşi Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny