Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdoganyň Afrika hakyndaky ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Senegalyň Prezidenti Masky Sall bilen paýtagt Ankarada geçiren bilelikdäki metbugat ýygnagynda, Afrika bilen ykdysdy gatnaşyklary elmydama adalatly, deňagramly ösdürmäge tagalla etjekdiklerini we söwda gatnaşyklaryny ikitaraply bähbit esasynda alyp barjakdyklaryny aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Türkiýe ösüş maksadyna ýetdi” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň bütin dünýä ykdysady çökgünlige garşy göreşýän bolsa, TÜrkiýäniň maýa goýum, önümçilik, eksport, nagt artykmajy arkaly ösüş maksadyna ýetendigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Erdogan Türkiýäniň ýyly 4-5 göterimlik ösüş bilen tamamlajakdygyny aýtdy.

“Hürriýet” gazeti “Akar: Biz hukuklarymyzy goramakda ygrarly” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň Kiprde, Egeý we Ortaýer deňizinde Türkiýäniň dialoga açyk bolmak bilen birlikde hiç hili bassyr-ýussurlyga ýol bermändigini, mundan beýläk hem ýol bermejekdigini beýan edendigine ünsleri çekýär.

Ministr Akar; “Özümiziň we kiprli doganlarymyzyň hukuklaryny hem-de bähbitlerini goramakda egilşik etmeris, biz ygrarly we hudaýa şükür oňa güýjümizem ýetýär” diýdi.

“Watan” gazeti “Selçuk Baýraktar: “Gyzylalma 20 ýyllyk hyýalym” söz başyly habarynda, “Baýkar” firmasynyň Dolandyryjylar geňşiniň Başlygy Selçuk Baýraktaryň ilkinji uçuşyny amala aşyran uçarmansyz harby uçar “Gyzylalmanyň” özüniň 20 ýyllyk hyýalydygyny aýdandygyny ýazýar.

Türk uçarmansyz howa ulaglaryny “Dolulygyna milli we özüne mahsus görnüşde dizaýn edilip, öndürilen robot uçarlar” hökmünde häsýetlendiren Baýraktar; ulaglaryň içindäki enjamlardan, millionlarça setir meýilleşdiriş ulgamyna çenli türk inženerleri we bilermenleri tarapyndan taýýarlandy” diýdi.

“Star” gazeti “Türk ÝUHU-lary NATO-nuň göwnünden turdy” söz başyly habarynda, NATO-nuň Baş sekretarynyň Ösýän howpsuzlyk ulgamlaryndan jogapkär orunbasary Dewid Wan Weliň türk uçarmansyz howa ulaglarynyň söweş meýdanlarynda güýçli pozisiýa eýeleýändigini nygtap; “Türk uçarmansyz howa ulaglary döwrebap söweşlerde edilen täzeligiň iň ajaýyp nusgasy” diýdi. Wel, emeli zehiniň söweşleriň geljeginde kesgitleýiji boljakdygyny aýtdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Bilen Rutte Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi