Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýenişafak” gazeti, “Prezident Erdogandan gara altyn buşlugy” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, Türkiýäniň Innowasiýa hepdeliginiň çäginde geçirlen dabarada eden çykyşynda, “Nebit bilen arabaglanşykly dürli welaýatlardan buşlukly habarlar gelýär. Ýurduň içinde nebit önümçiligini täze ýyldan başlap günlük 100 müň barrele ýetirmegi maksat edinýäris” diýen sözlerine ýer berýär.

“Hürriýet” gazeti “Akar Gresiýa duýduryş berdi” söz başyly habarynda, Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň, “Gresiýa, dürli garaýyşlary, meçew beriji aksiýalary we çykyşlary bilen dartgynlygy artdyrmak üçin bahana gözleýär. Haýsydyr bir garaşylmadyk waka ýüze çykan halatynda degişli çäräni göreris” diýendigini ýazýar.

“Star” gazeti, “MMU, Kyzylema, Hüržet… Forbes: Türkiýäniň harby uçarlary 2023-nji ýylda al asmanda” söz başyly habarynda, dünýä ýurtlarynyň 2023-nji ýylda al asmanda boljak Milli söweş uçary MMU, Kyzylelma, Hüržet we Göksungur bilen ýakyndan gyzyklanýandygyny mälim edýär.

Amerikan Forbes žurnaly mesele hakyndaky habaryny “İnha 2023-nji ýylda ilkinji uçuşyny amala aşyrmagyna garaşylýan harby uçarlar” söz başysy bilen okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Simwollaryň köprüsi adyny altyn harplar bilen taryha ýazdyrdy” söz başyly habarynda, Ulaglar we infstruktura ministri Adil Karaismailoglunyň, 318 metrlik diňleriň üstüne ýerleşdirlen 16 metrlik top gülleler bilen 1915 Çanakgala köprüsiniň dünýäniň iň belent diňlerine eýe bolan köprüsi hökmünde taryha geçendigi hakyndaky sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Habertürk” gazeti, “125,9 million dollarlyk losos balygy eksport edildi” söz başyly habarynda, losos eksportynyň 2022-nji ýylyň ýanwar-noýabr aýlaryny öz içine alýan döwürde 207 göterim artandygyny mälim edýär.

Losos eksportundan 125 million 858 müň 348 dollarlyk girdeji gazanyldy.

Ýene degişli makalalar

"Olar işe gaýdyp, dereksiz ýitýärler". MA migrantlary Türkiýedäki ýagdaýyň ýaramazlaşýandygyny aýdýarlar
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ukrainanyň Portlaryndan 354 Gämi Bilen 7 Million 860 Müň Tonna Galla Daşaldy
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny