Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Ýeni Şafak” gazeti “Fransuz metbugaty Erdogan hakynda ýazýar” söz başyly habarynda, Fransiýanyň “Le Mond” gazetiniň Russiýa-Ukraina söweşinden soň dünýäniň agyr şertleri başdan geçirýän döwründe galla eksport hakyndaky ylalaşykda eýelän pozisiýasy bilen 400 milliona barabar adamy açlykdan halas eden Prezident R.T.Erdogan hakynda “Ajaýyp ynam bilen agyr şertleri başdan geçirýän dünýäniň kynçylyklaryny çözmegiň hötdesinden gelýär” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Erdoganyň syýasy çykgynsyzlyklardan mümkinçilik tapma ukybyna hem üns çekilýär.

“Star” gazeti “Çawuşogly ABŞ-nyň F-16 başlangyjy hakynda beýanat berdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň ABŞ-nyň Wekiller Palatasynda Türkiýäniň F-16 aluwyny çäklendirmek üçin girizilen goşmaçalaryň çykarylmagy hakynda “Milli goranyşy ygtyýarlandyş kanunynyň” sese goýuljak tekstinde bökdençiligiň bolmazlygy oňyn täzelik, oňa kanagatlanma bildirýäris” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Kalyn: Kipr meselesi bütin türki dünýäniň meselesidir” söz başyly habarynda, Prezdentiň Diwanynyň Metbugat sekretary İbrahim Kalynyň “Kipr meselesi bütin türki dünýäniň meselesidir. Kipr meselesi hak, hukuk we adalat meselesidir. Ýer, dolanşyk meselesi däl, başlangyç hak-hukugyň, halkara normlalaryň iş ýüzüne geçirilmegini ýada salýan meseledir” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Sabah” gazeti “Oba-hojalyk pudagy eksport rekorduny goýdy” söz başyly habarynda, oba-hojalyk pudagynyň 3,3 milliard dollar bilen ähli döwürleriň iň ýokary aýlyk eksportuny amala aşyrandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Türkiýe raýat awiasiýasynda dünýäniň iň giň uçuş toruna eýe ýurt boldy” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglunyň 2003-nji ýylda 50 ýurtda 60-a barabar bolan uçuş nokatlaryna ýene-de 282- sanysynyň goşulandygyny beýan edip, “Uçuş torumyz 2022-nji ýylyň noýabrynda 130 ýurtda 342 nokada ýetdi. Şeýlelikde türk awiasiýasyny dünýäniň iň giň uçuş toruna eýe ýurduna öwürdik” diýen sözlerini çap edýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjümi ýazgardy
2024: TDG wadasy bitmedi, Aşgabat ýüzüni Günbatara tarap öwürýärmi?
Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Çawuşogly rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Mewlüt Çawuşogly Antalýanyň Kepez etrabynda halka ýüzlenip çykyş etdi
Mewlüt Çawuşogly ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjüm barada beýannama berdi
Çawuşogly Germaniýada žurnalistleriň göz tussaglygyna alynmagy barada beýannama berdi