Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Indi Türkiýe öz kararlaryny özi kabul edýär” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň indi Türkiýäniň syýasatda, ykdysadyýetde öz kararlaryny özüniň kabul edýändigini nygtap: “Eksport artdy. Ösüş başlady. İndi Türkiýe dünýäde ösýän ýurtlaryň hatarynda birinji üçlükde, bäşlikde orun eýeleýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan Ýewropanyň iň güýçli syýasy lideri” söz başyly habarynda, Burson Kon and Wolfe degişli digital diplomatiýa topary “Twiplomasiniň” geçiren “Twitterdäki iň güýçli liderler” barlagynda Prezident Erdoganyň profiliniň 2022-nji ýylda 2-nji orna göterilip, dünýäniň iň güýçli üçünji twitter hasaby bolandygyny ýazýar. Şeýle hem Erdogan “iň güýçli syýasy lider” derejesini dowam etdirdi.

“Watan” gazeti “Erdogan: Hiç kim Türkiýe bilen Azerbaýjany bir-birinden aýyryp bilmez” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň “Doganyň ýumdurgy” Azerbaýjan-Türkiýe bilelikdäki harby türgenleşiginiň öz işini tamamlamagyndan soň iki ýurduň goşunlaryna telefon arkaly gutlap; “Bu türgenleşigiň görkezişi ýaly biz biri-birimiz bilen et bilen dyrnak ýaly. Hiç kim bizi aýyryp bilmez” diýen sözlerini çap edýär.

“Star” gazeti “Azerbaýjan türk goşunynyň modeline geçdi” söz başyly habarynda, Azerbaýjanyň Goranmak ministri Zakir Hasanowyň Türk ýaragly güýçleriniň dünýäniň öňbaşçy goşunlaryndan biridigini beýan edip, Azerbaýjanyň goşunlarynyň türk goşunlarynyň modeline geçmek üçin üýtgetmeler edýandigini aýdandygyny ýazýar.

“Sabah” gazeti “Çawuşogly Gresiýany berk tankyt etdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Gresiýanyň meçew beriji hereketlerine reaksiýa bildirendigine ünsleri çekýär. Gresiýanyň ýaragsyzlandyrylan adalarda düzgüni bozmakdan el çekmelidigini aýdan Çawuşogly: “Gresiýa bu melede ýa yza çekilip, şertnamalary berjaý etmeli bolar, ýa-da biz degişli çäräni göreris” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Türkiýe Enegetika Boýunça Global Güýje Öwrüldi
Russiýanyň Daşary işler ministri Türkiyä sapar gurar
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Çawuşogly: "Siriýa maslahaty maý aýynda bolup biler" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi