Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdoganyň maýadarlara çagyryşy” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň 2022-nji ýylyň 3-nji çärýek boýunça ösüş görkezijileriniň Türkiýäniň dogry ugra barýandygyny görkezýän iň esasy netijedigini aýdandygyny ýazýar.

Erdogan: “Biz dünýäniň niresine gidenimizde-de dostlarymyza elmydama “geliň bilelikde gazanalyň” diýýäris. Öndürip, iş bilen üpjün edip, eksport edip, ýurdumyza goşant goşmak isleýänleriň ählisine şol çagyryşy edýäris” diýdi.

“Watan” gazeti “Milli howpsuzlyk geňeşiniň guryýer operasiýasy hakyndaky ýüzlenmesi söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň ýolbaşçylyk etmeginde geçirilen Milli howpsuzlyk geňşiniň mejlisinden soň çap edilen jarnamada; “Sebimizde terror guramalarynyň ornaşmagyna we iş alyp barmagyna ýol berilmejekdigi, şonuň üçin gerek bolan her bir başlangyjyň egilşiksiz ediljekdigi nygtaldy” diýilýändigini ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Akar ýaranlara PKK/KJK/ÝPG boýunça duýduryş berdi” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň ekstremist terror guramasy PKK/KJK/ÝPG-niň soňky döwürde asuda ilata guraýan hüjümlerini ýatladyp; “Ýaran ýurtlara ganhor terror guramasy bolan, serhetlerimize we halkymyza hüjüm edýan PKK/KJK/ÝPG-ä, DEAŞ-a garşy göreş bahanasy bilen bilelikde haýsydyr bir sebäpden goldaw bermezlikleri, terrorçylardan tapawutlandyrmany kynlaşdyrýan öz baýdaklaryny we harby egin-eşiklerini bermezliklerini, ýerleşýän zolaklaryndan terrorçylary daşda tutmaklary hem-de terror guramalary bilen gatnaşyklaryny dessine kesmekleri ýatladylyp, degişli duýduryşlar berilýär” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “ABŞ çekildi, PKK gaçýar” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Siriýanyň demirgazygyna guramagy ähtmial guryýer operasiýasyndan öň ABŞ-nyň “SDG” atlandyran terror guramasy bilen gözegçiliklerini azaldandygyny, sebitdäki amerikaly diplomatlaryň we gullukçylaryň Yragyň erbil şäherine geçendigini, PKK-nyň dargaýandygyny, ýolbaşçy diýilýän adamlaryň bolsa guramanyň puluny ogurlap gaçmaga başlandygyny mälim edýär.

“Star” gazeti “NATO Türkiýesiz uly kynçylyk çeker” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezident Erdoganyň öňbaşçylyk etmeginde Ukraina söweşinde Russiýa bilen günbatar ýurtlarynyň arasynda alyp barýan diplomatiýasynyň Amerikanyň “Foreign Policy” žurnalynda analiz edilendigini ýazýar. Žurnal ýewrolay we amerikaly syýasatçylaryň Türkiýesiz NATO-nyň dargajakdygy meselesinde ylalaşýandyklaryny ýazdy.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan we Blinken Siriýadaky syýasy geçiş tapgyry hem-de Gazadaky genosid hakynda pikir alyşdy
NATO-nyň Baş Sekretary Ankarada Saparda Boldy
Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy
Prezident Erdogan Rus Kärdeşi Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirild