Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “Erdogan; Türkiýe ykdysady ösüşde rekord goýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň başladylan “Türkiýe Asyry” maksatnamasy bilen Türkiýe Respublikasynyň 100-nji ýylyna, ýagny 2023-nji ýyla uly arzuw-hyýallar we heýjanlar bilen gadam basjakdyklaryny aýdandygyny ýazýar.

Türkiýäniň 2022-nji ýylyň üçünji çärýeginde 3,9 göterim ösüş edendigini aýdan Erdogan; “Enşalla 2022-nji ýyly rekord derejede ösüş bilen tamamlap, 2023-nji ýyla gowy başlarys” diýdi.

“Haber Türk” gazeti “Çawuşoglynyň harby operasiýa hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Siriýanyň demirgazygynda ornaşan ekstremist terror guramasy PKK/ÝPG-ä guraljak harby operasiýasynyň öňüni almaga synanyşýandygyny nygtap; “Degişli jogaby berdik, NATO-daky ýaranlarymyzdan goldawa garaşýarys” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Akar: Operasiýalarda ýeke-täk nyşana terrorçylar” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Jeýms Astin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini mälim edýär.

Ministr Akar Siriýanyň demirgazygyna kanunlara laýyklykda terror operasiýalarynyň geçirendigini aýtdy.DAEŞ-e we beýleki ähli terror guramalaryna garşy hyzmatdaşlyk etmäge taýýardyklaryny nygtan Akar, operasiýalarda ýeke-täk nyşananyň terrorçylardygyny beýan etdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Russiýadan PKK/ÝPG-ä: Çekiliň, ýogsam türkler durmaz” söz başyly habarynda, Siriýada çykgynsyz ýagdaýa düşen PKK/ÝPG-niň Russiýanyň we ABŞ-nyň wekilleri bilen gepleşikler geçirýändigini ýazýar.

Siriýadaky rus harby güýçleriniň serkerdesi Aleksandr Çaýko Türkiýäni togtatmagyň ýeke-täk ýolunyň PKK/ÝPG-niň Aýnalarabdan, Manbijden we Tel Rifatdan çekilmegidigini aýtdy. Çaýko terror guramasy ÝPG/PKK “Türk operasiýasy başlasa Russiýa ony togtadyp bilmez” diýip ýüzlendi.

“Star” gazeti “Boýun alma: ABŞ Türkiýäniň göwnüne degmek islemez” söz başyly habarynda, Amerikada çap edilhýän “Responsibl Statekraft” žurnalynda çykan makalada “Türkiýe Siriýadaky duşmanlarynyň köküni guratmak üçin ençeme wagtdan bäri görülmedik ululykda guryýer operasiýasyny geçirmek üçin taýýarlyk görýär” diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

ABŞ-nyň hökümetiň Türkiýäni Ukrainadaky söweşde esasy ýaran hökmünde kabul edýändigine üns çekilýän makalada, “Ak Tam häzirki wagtda Türkiýäniň göwnüne degmek islemeýär” diýilýär.

Ýene degişli makalalar

Hakan Fidan Siriýada Saparda Boldy
Prezident Erdogan Rus Kärdeşi Putin Bilen Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ýene-de 5 Terrorçy Täsirsiz Ýagdaýa Getirild
Terrorçy Ýaşar Çekik Täsirsiz Ýagdaýa Getirildi
Terrora garşy göreşiň çäginde ýene-de 14 terrorçy täsirsiz ýagdaýa getirildi
Terrora garşy göreş tutanýerli ýagdaýda dowam etdirilýär