“Watan” gazeti “Erdogan: Dünýä liderligine göterilmek üçin ýolumyz açyk” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň Myhmanhanaçylar federasiýasynyň 7-nji Maslahatynda sözläň sözünde “Türkiýäniň 2021-nji ýylda syýahatçy sanynda 4-nji, girdeji taýdan bolsa 8-njy orna göterilmegi, şu ýyl hasam ýokarlajakdygymyzy aňladýar.
Syýahatçylyk pudagyndaky bäsdeşlerimiziň global çökgünlikleriň täsiri bilen aşaklaýan döwründe biziň dünýä liderligine göterilmegimiziň ýoly açyk” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Sabah” gazeti “Çawuşogly: Söweş barka hem diplomatiýa dowam etdirlip bilner” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň NATO-nyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde Buharestde geçirilýän maslahatynyň çäginde Aspen İntituty bilen Nemes Marşall gaznasynyň forumynda sözlän sözünde Russiýa-Ukraina söweşiniň goňşy ýurtlara hem ýaramaz täsir ýetirýändigini beýan edip; “Diňe bir ýazgarmak bilen meseläni çözmek mümkin däl.
Adalatlylyk bilen parahatçylygy ýola goýulmaly.Söweş barka hem diplomatiýa dowam etdirlip bilner” diýen sözlerini çap edýär.
“Hürriýet” gazeti “Kalynyň guryýer operasiýasy hakyndaky beýanaty” söz başyly habarynda, Prezidentiň Diwanynyň Metbugat sekretary İbrahim Kalynyň Siriýadaky terror pozisiýalaryna guralmagy ähtimal guryýer operasiýasy hakynda “Dürli görnüşli operasiýalar guralyp bilner. Ertir, indiki hepde ýa-da her pursatda bolup biler” diýen sözlerine ünsleri çekýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Sabiha Gökçene Ýylyň Digital Howa Menzili baýragy” söz başyly habarynda, Stambulyň Sabiha Gökçen adyndaky howa menziliniň “Bluesky Awards 2022-niň” awiasiýa boýunça baýraklarynyň çäginde “Ýylyň digital howa menzili” diýlip saýlanandygyny ýazýar.
“Star” gazeti Dünýä kubogynyň bäsleşiklerine THÝ-niň uçarlarynda tomaşa edilip bilner” söz başyly habarynda, 20-nji noýabrda Katarda başlan dünýä futbolynyň esasy çaresi bolan 2022 FİFA Dünýä kubogynyň bäsleşikleriniň Türk howaýollarynyň uçarlarynda görkeziljekdigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.