Hürriýet gazedi: "Prezident Erdogan bütin dünýä azyk krizisi barada duýduryş berdi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň G20 liderler sammitiniň çäginde geçirilen maslahatlaryň "Azyk we energetika howpsuzlygy" atly bölüminde eden çykyşynda: "Bütindünýä dökün bazary tiz depginler bilen kadalaşdyrylmaly. Ýogsam öňümizdäki ýyl has uly azyk krizisi başdan geçiriler" diýendigini habar berýär.
Sabah gazedi: "Erdogan-Baýden duşuşygy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Balidäki G20 Liderler sammitiniň çäginde ABŞ-nyň Prezidenti Jo Baýden bilen duşuşyk geçirendigini mälim edýär. Baýden F-16-lar bilen bagly goldawyň dowam etjekdigini beýan etdi.
Star gazedi: "Italiýanyň Türkiye bilen bagly beýannamasy" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň düýn Italiýanyň Premýer ministri Jorjiýa Meloni bilen Indoneziýada duşuşyk geçirendigini aýan edýär. Geçirilen duşuşykdan soň Italiýanyň Premýer ministrliginden berilen beýanatda: "Iki lider bikanun migrasiýa garşy göreş we Liwiýa krizisiniň çözüwini ýeňilleşdirmek üçin bilelikde iş salyşmagyň üstünde durup geçdiler" diýip habar berildi.
Haber Türk gazedi: "Türkiyäniň ABŞ-na eksporty 11 milliard 998 million dollara ýetdi" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Eksportçylar mejlisi tarapyndan berilen beýannama görä, Türkiyäniň ABŞ-na eksporty 11 milliard 998 million dollar bilen ähli wagtlaryň ýanwar-oktýabr aýlaryny öz içine alýan döwür üçin iň ýokary görkezijisine ýetendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Ýeni Şafak gazedi: "Gyşky syýahatçylyk möwsümi tomus möwsüminden ýokary bolmagyna garaşylýar" söz başyly habarynda, şu ýyl 50 million syýahatçy we 44 milliard dollar girdeji almagy meýilleşdirýän Türkiyäniň, tomus möwsüminiň ýapylmagy bilen gyş möwsümine taýarlyk görmäge başlandygyny mälim edýär.
Esasan hem rus we eýranly syýahatçylaryň lyža merkezlerine bolan talaplarynyň artýandygyny aýdan Türkiýäniň Syýahatçylyk agentlikleri bileleşiginiň başlygy Firuz Baglykaýa: "Gyş möwsüminde myhmanhanalaryň dolulyk derejesi 90 göterim töweregi bolar" diýip belledi.