“Haber Türk” gazeti “Erdogan: Türkiýe çekiş merkezine öwrüldi” söz başyly habarynda” Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň indi sowatly ogullary karriýera üçin daşary ýurtlara gidýän däl, daşary ýurtlarda bilim alan oğullaryny özüne çekýän merkeze öwrülendigini aýdandygyny ýazýar. Erdogan: “Türkiýe indi ösen ýurtlaryň hataryndadyr” diýdi.
“Hürriýet” gazeti “Kalyn günbatara Gresiýa meselesinde berk reaksiýa bildirdi” söz başyly habarynda, Prezidentiň Diwanynyň Metbugat sekretary İbrahim Kalynyň günbatar ýurtlarynyn ikiýüzli çemeleşmelerine reaksiýa bildirendigini mälim edýär.Gresiýanyň bosgunlary her gün yza serpikdirýändigine garamazdan oňa günbataryň reaksiýa bildirmeýäňdigini beýan eden Kalyn; “Günbatarly kärdeşlerimiz özara duşuşyklarymyzda Gresiýa şeýle edýär diýýärler.
Gresiýa hakynda näme üçin gulagymyza pyşyrdaýaňyz, olaryň önüne aç-açan näme üçin goýaňyzok” diýdi.
“Watan” gazeti “Ýerli raketa üstünlik bilen synagdan geçdi” söz başyly habarynda, Rizede “Roket Sanaýi we Tijaret A.Ş” firmasynyn öndüren ýerli raketa “Taýfunyň” synagdan geçirilendigini ýazýar. Gury ýerden deňize atylan uzak aralykly atyşda “Taýfun” 561 kilometr alysdaky nyşanany üstünlik bilen urdy.
“Star” gazeti “Grek esgerleri türk raketalaryna janly syn etdiler” söz başyly habarynda, ýerli we milli ýaraglarynyň gatnaşmagynda türk ýaragly güýçlriniň hüjüm güýjüni görkezýän “Hüjüm erkin-2022” türgenleşiginiň başlandygyny mälim edýär.
Nyşanalary gyşarnyksyz uran “Fyrtyna” gaubisalarynyň, “Kargu” kamikaze dronlarynyň we “L-UMTAS” raketalarynyň ulanylan türgenleşiginde ilkinji gezek sowutly anti tank ulagyň üstünden “Jirit” raketasy atyldy.Türgenleşige grek, ukraina, rus we amerikan harby attaşeleri hem syn etdiler.
“Sabah” gazeti “THÝ 2023-nji ýylda 2 million amerikaly syýahatçy getirmegi meýilleşdirýär” söz başyly habarynda Türk howaýollary awia kampaniýasynyň Dolandyrylar geňeşiniň we Ýerine ýetirijiler Komitetiniň Başlygy Professor Ahmet Boladyň şu ýylyň dowamynda 1 million amerikalynyň syýahatçylyk maksady bilen Türkiýä gelendigini aýdandygyna ünsleri çekýär. Bolat “Geljek ýyl 2 million amerikalyny Türkiýä getirmegi meýilleşdirýäris” diýdi.