Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Çawuşogly Gresiýa çagyryş berdi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň Gresiýanyň Egeý deňizindäki adalary ýaraglandyrmagy bilen baglanşykly: "Gresiýa hemişe bolşy ýaly gözgyny ýagdaýa düşdi. Hemişeki ýaly şikaýat edýär. Gel adalaryň ýaragsyzlandyrmagyny Halkara Adalat diwanynyň garamagyna hödürläliň" diýendigini habar berýär.

Star gazedi: "Polşanyň goşunynyň Baýraktar TB2 ýaragly uçarmansyz howa ulagy güýji" söz başyly habarynda, Polşanyň Goranmak ministriniň orunbasary Woýseh Skurkewiçiň Türkiyäniň ýerli we milli ýaragly uçarmansyz howa ulagy Baýraktar TB2-leri şu aý goşunynda ulanmaga başlajakdyklaryny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Woýseh Skurkewiç: "Şol dronlaryň hakyky howplarda we hakyky söweşde nähili öndürijilik görkezýändigine syn edýäris.Bu Ýaragly güýçleriň döwrebaplaşdyrylmagynyň örän möhüm bir elementi" diýip nygtady.

Hürriýet gazedi: "Dönmez: Ýurdumyz tebigy gazda tankydy rollary öz üstüne alyp biler" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmeziň, IV Türk-nemes Energetika forumynda eden çykyşynda: "Ýurdumyz goňşy ýurtlardaky tebigy gazyň Günbatardaky bazarlara ýetirilmeginde, häzirki wagtda bolşy ýaly gelejekde hem möhüm rollary öz üstüne alyp biler" diýendigini mälim edýär.

Haber Türk gazedi: "Türk çaýy ýylyň ilkinji 9 aýynda iň köp Belgiýa eksport edildi" söz başyly habarynda, Türkiyeden şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlary aralygynda dünýäniň 106 ýurduna, awtonom we erkin zolaklaryna jemi 4 müň 870 tonna çaý eksport edendigini aýan edýär. Türkiyäniň çaý eksportynda 3 million 921 müň 198 dollar bilen Belgiýa ilkinji oruny eýeledi.

Ýeni şafak gazedi: "Dünýä belli aýdymçy Steýsi Kent AMM-ne haýran galdy" söz başyly habarynda, Türkiyäniň Medeniýet we syýahatçylyk ministriligi tarapyndan 3-nji gezek geçirilen "Beýogly medeniýet ýoly festiwalynyň" çäginde ABŞ-ly jaz aýdymçysy Steýsi Kentiň, Atatürk medeniýet merkezinde beren konsertinde muşdaklary bilen duşuşandygyny beýan edýär.

Steýsi Kent konsertde eden çykyşynda, Atatürk medeniýet merkezine gezelenç edendigini, halandygyny we sosial media hasabyndan paýlaşandygyny habar berdi.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Çawuşogly rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Mewlüt Çawuşogly Antalýanyň Kepez etrabynda halka ýüzlenip çykyş etdi
Mewlüt Çawuşogly ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjüm barada beýannama berdi
Prezident Erdogan ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjümi ýazgardy
Çawuşogly Germaniýada žurnalistleriň göz tussaglygyna alynmagy barada beýannama berdi