“Ýeni Şafak” gazeti “Erdogan: İndi liderler göterimleri aşaklatmagyň bähbidi hakynda beýannama berýärler” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Stambulda sözlän sözünde “Türkiýe ykdysadyýeti modeliniň maskady ýurdumyzy maýa goýum, iş üpjünçiligi, hasaplaşyk artykmajy arkaly ösdürmekden ybarat. Ýurdumyzyň iş ýüzüne geçirýän ykdysady modelini agyr tankyt edýänler biziň ýolumyza gönükdiler. İndi liderler göterimleri aşaklatmagyň peýdasy hakynda aýdýarlar” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Star” gazeti “Türkiýä sagbolsun aýtdy” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň (DKTR) Prezidenti Ersin Tataryň DKTR-nyň taryhy göreşinde Türkiýe Resblikasynyň resmileriniň berýän goldawa sagbolsun aýdandygyny ýazýar.
“Hürriýet” gazeti “Gresiýadan Egeýde uly meçew berme” söz başyly habarynda Gresiýanyň halkara hukugyna äsgermezçilik edip, Egeý deňizinde Harby derejesi bolmadyk adalara sowutly ulag getiren pursatlarynyň ýazgylarynyň ýüze çykandygyny mälim edýär. Türk ýaragly güýçlerine degişli uçarmansyz howa ulaglary Afynynyň Mitilini adasyna 23, Samosa 18 sany tekerli ulag getirendigini anyklandy.
“Sabah” gazeti “Elektrik togy bilen işleýän milli otly ulanmaga beriler” söz başyly habarynda, Ulaglar we infstrastruktura ministri Adil Karaismailoglynyň elektrik togy bilen işleýän milli otlynyň şu ýyl ýolagçy gatnatmaga başlajakdygyny beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Otlynyň sebitleýin ugur boýunça ýolagçy gatnatjakdygyny aýdan ministr Karaismailogly; “Häzirki wagtda sagatda 160 kilometr bolan tizligi, 225 kilometre ýetirmegi maksat edinýäris” diýdi.
“Haber Türk” gazeti “Türkiýäniň syýahatçylyk merkezlerine bolan gyzyklanma howa menzilleriniň ýolagçy sanyny artdyrdy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň syýahatçylyk destinasiýalaryna bolan gyzyklanmanyň howa menzilleriniň ýolagçy sanyny hem artdyran bolsa, ýylyň 8 aýlyk döwüren Stambul howa menziline 41, Antalýanyň howa menziline 21, İzmiriň Adnan Menderes howa menziline 6,5 we Muglanyň Dalaman howa menziline 3 million ýolagçynyň gelendigini mälim edýär.