“Hürriýet” gazeti, “Prezident Erdogan BMG-da dünýä liderlerine ýüzlendi” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, BMG-nyň Baş Assambleýasynyň 77-nji Sessiýasynda çykyş edendigini ýazýar.
Russiýa we Ukraina parahatçylyk çagyryşyny beren Erdogan, “Dünýä ýurtlaryny, Türkiýäniň yzygiderli parahatçylyk tagallalaryna içgin goldaw bermekleri üçin çagyryş berýärin” diýdi.
“Watan” gazeti, “Guterreşden Türkiýe hakynda öwgüli sözler” söz başyly habarynda, BMG-nyň Baş sekretary Antoniu Guterreşiň, BMG-nyň Baş Assambleýasynda eden çykyşynda, galla ylalaşygynyň gazanylmagynda uly rol oýnan Türkiýe hakynda öwgüli sözler aýdandygyny mälim edýär.
“Star” gazeti, “Biz siziň migrant merkeziňiz däl” söz başyly habarynda, Içeri işler ministri Süleýman Soýlunyň, Bosniýa-Gersegowinada geçirlen 2-nji Migrant dialogy konferensiýasynda eden çykyşynda, Ýewropa ýaly Türkiýäniň hem içerki deňagramlylygynyň bardygyny nygtap “Britaniýa bize bir teklip hödürledi.
Resmi taýdan ýüz tutup bilmeýär, emma bize gelen migrantlaryň bir bölegini size ugradaly diýýär.Biz siziň mingrant merkeziňiz däl.Biz Ýewropanyň migrant merkezimi? Şu günki güne çenli jogapkärçilikli hereket etdik” diýen sözlerine ýer berýär.
“Habertürk” gazeti, “Eskişehirde 4 müň 500 ýyllyk gaplarda, agryny aýyrýan dermanyň esasy maddasy tapyldy” söz başyly habarynda, Eskişehirde Küllüoba hoýýugynda geçirlen gazuw-agtaryş işlerinde 4 müň 500 ýyl ozalky döwre degişli içinde agryny aýyrýan dermanyň saklanýan gabyň tapylandygyny habar berýär.
“Ýenişafak” gazeti, “THÝ-dan amatly petek kampaniýasy” söz başyly habarynda, Türk howa ýollarynyň ýolagçylarynyň Stambuldan Balkanlarda we Günorta Ýewropada 32 uçuş nokadyna 119 dollardan uçup biljekdigini ýazýar.