
“Hürriýet” gazeti “Fransuz žurnaly Türkiýäniň daşary syýasatyny analiz etdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň halkara diplomatiýasynyň Fransiýanň “Le Figaro” žurnalynyň analiz temalaryndan biri bolandygyny ýazýar. Habarda diplomatiýa we parahatçylyk boýunça çağyryşlar sebäpli Türkiýäniň köpbloklylyk wirtuozyna öwrülndigi nygtalýar.
“Sabah” gazeti “Erdoganyň öňdengörüjiligine nygtama: Gelýän howpy öňünden gördi” söz başyly habarynda, Germaniýanyň “RedaktionsNetzwerk Doýçland” atly media organynyň Prezident Erdoganyň Ukraina söweşinden iňňän öňünden görendigini nygtap; “Şol döwürde günbatarda rus basybajylygynyň boljagyna ynanýanlaryň sany iňňän azdy. Eýsem Erogan söweş howpuny aç-açan gördi” diýip ýazandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Star” gazeti “Gumieniak: Türkiýäniň tagallasy iňňän möhüm netije berdi” söz başyly habarynda, galla geçelgesiniň başlangyç nokady Odessa pyrtunda harby taýdan howpsuzlygy üpjün edýän Günorta Ukraina diwiziýasynyň Metbugat sekretary Nataliýa Gumieniakyň “Türkiýäniň tagallasy we bu ýoly açmagy ýurdumyz üçin iňňän möhüm netijeleri ýüze çykardy.
Gara ýoly bilen eksport etmegi synap görüpdük, bolmandy. İndi deňiz ýoly bilen eksport edýäris” diýen sözlerini çap edýär.
“Watan” gazeti “Ministr Karaismailogly: Çamlyja diňine 788,241 adam baryp gördi” söz başyly habarynda, Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglynyň geçen ýylyň 29-njy maýynda açylan Stambuldaky Çamlyja diňi hakynda; “Açylan gününden bäri diňe 788,241 adam baryp gördi. 1-nji awgustdan 20-nji awgustyň aralygnda bolsa 455,945 adamy kabul etdi” diýdi.
“Haber Türk” gazeti “Halkara guramalarynyň Stambul howa menzili hakynda öwgüli sözleri” söz başyly habarynda, merkezi Ýaponiýada ýerleşýän Nikkei toparynyň gündelik gazetlerinden “Nikkei Marketing Jornal” halkara Stambul howa menziliniň we türk awiasiýa pudagynyň Kowid-19 pandemiýasyndans oň eýe bolan performansy hakynda habar çap eden bolsa, Fransiýanyň “Les Ekos” gazeti, “Forbes Trawel Guid” we BMG-niň Bütindünýä syýahatçylyk düzümi hem Stambul howa menzili hakynda öwgüli sözler çap edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.