Haber Türk gazedi: "Abdülhamid Han gämisiniň iş alyp barjak ýeri belli boldy" söz başyly habarynda, Abdülhamid Han buraw gämisiniň Mersin welaýatynyň Taşuju portyndan iş alyp barjak ýerine ugradylandygyny habar berýär.
Prezident Rejep Taýýip Erdogan buraw gämisiniň Antalýanyň Gazipaşa etrabynyň 55 km alysyndaky "Ýörükler-1" meýdanda iş alyp barjakdygyny aýan etdi.Erdogan: "Ýörükler-1 guýusy Gündogar Ortaýer deňizindäki giň gerimli iş meýilnamamyzyň ilkinji ädimidir" diýip nygtady.
Sabah gazedi: "Türkiýe Abdülhamid Han üçin NAWTEKS yglan etdi" söz başyly habarynda, Abdülhamid Han buraw gämisiniň iş alyp barjak meýdançasy üçin NAWTEKS-iň yglan edilendigini mälim edýär. Yglan edilen NAWTEKS-e görä gämi Gündogar Ortaýer deňizinde 7-nji oktýabra çenli iş alyp barar.
Hürriýet gazedi: "Türkiýäniň buraw gämisine meňzeş dünýäde 5 sany gämi bar" söz başyly habarynda, Dünýäde diňe 5 sany bolan we Türkiýäniň 4-nji buraw gämisi bolan Abdülhamid Han gämisiniň düýn Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda geçirilen dabara bilen sapara çykandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Dünýäde az sanly gämileriň hatarynda bolan Abdülhamid Han gämisi, 238 metr uzynlygynda, 42 metr giňişliginde we 112 metr beýikligindedir. 200 adamlyk ekipažy bolan gämi 12 müň 200 metre çenli buraw işlerini amala aşyryp bilmek mümkinçiligine eýedir.
Ýeni Şafak gazedi: "Yslam dünýäsi Konýada jemlendi" söz başyly habarynda, Türkiýäniň ýer eýeçilik etmeginde Konýada geçirilýän V Yslam Arkalaşyk oýunlarynyň açylyş dabarasynyň Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň gatnaşmagynda geçirilendigini beýan edýär. "Jebislik güýçdür" şygary bilen geçirilýän we 56 ýurtdan 4 müň 200 türgeniň gatnaşýan çäre 18-nji awgustda tamam bolar.
Watan gazedi: "Türk alymlary oýlap tapdy, dünýä üçin umyt döretdi" söz başyly habarynda, Türk alymlary tarapyndan oýlanyp tapylan we sowuga, gurakçylyga we kesellere garşy çydamly bolan, önüm hili ýokary bolan bugdaýyň ilkinji hasylynyň Siwas welaýatynda ýygnalandygyny habar berýär. Bugdaýyň täze görnüşiniň hem Türkiýäniň hem-de dünýäniň başyndan geçirip biljek azyk kynçylygyna çäre bolmagy göz öňünde tutulýar.