Hürriýet gazedi: "Ministr Çawuşogly: Dartgynlygy azaltmak üçin öz üstümize düşýän jogapkärçiligi etmäge taýardyrys" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň sosial media hasabyndan Serbiýa-Kosowa serhedindäki dartgynlyk bilen baglanşykly sosial media hasabyndan beýannama berendigini habar berýär.
Mewlüt Çawuşogly: "Serbiýa-Kosowa serhedindäki dartgynlyk bilen baglanşykly serbiýaly we kosowaly kärdeşlerim bilen telefon arkaly söhbetdeş boldym.Türkiýe Balkanlaryň parahatçylygyna we durnuklylygyna hemişe ähmiýet berdi.Täze dartgynlyklaryň hiç kime peýdasy bolmaz.
Dartgynlyklary azaltmak üçin öz üstümize düşýän jogapkärçilgi etmäge taýardyrys" diýip belledi.
Star gazedi: "Türkiýe deňizde hem özüni tanadar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Senagat we tehnologiýa ministri Mustafa Warankyň sürüjisiz deňiz ulaglarynda dünýädäki trendiň täze başlandygyny belläp: "Eger Türkiýe hökmünde edil uçarmansyz howa ulaglary boýunça orta goýan itergimizi sürüjisiz deňiz ulaglarynda hem goýup bilsek, onda dünýäde gözlenýän ýurtlaryň biri bolarys" diýendigini mälim edýär.
Sabah gazedi: "Eýrana kömek maksady bilen ýük uçary ugradyldy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Goranmak ministrligi tarapyndan düýn berilen beýanatda, Türkiýäniň sil apatlarynyň başdan geçirilen Eýrana ýük uçary bilen kömek ugradylandygyny aýan edýär.
Watan: "TOGG ýola çykar" söz başyly habarynda, TOGG kärhanasynyň ýokary derejeli ýolbaşçysy Mehmet Gürjan Karakaşyň, TOGG-yň 2023-nji ýylyň ilkinji çärýeginde Türkiýede, şol seneden 18 aý soň bolsa Ýewropada ýola çykjakdygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
Ýeni Şafak gazedi: "Toprak Razgatlyogly Çehiýada 1-nji boldy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň milli motosikletçisi Toprak Razgatlyoglynyň, Çehiýada Bütindünýä Superbike çempionatynda 1-nji oruna mynasyp bolandygyny habar berýär. Şol netije bilen Toprak Bütindünýä Superbike çempionatynda 2-nji ýaryşda 1-nji oruna mynasyp boldy.