“Haber Türk” gazeti “Erdogan, her bir adam goýan golunyň jogapkärçiligini ýerine ýetirmeli” söz başyly habarynda, Prezident R. T. Erdoganyň, düýn Türkiýäniň radio-telewideniýe guramasy TRT-ä beren beýannamasynda “Ukrain gallasynyň çykarylmagy meselesinde gazanylan ylalaşyga gol goýan her bir adamyň jogapkärçilikli hereket etmegine garaşýarys” diýendigine ünsi çekýär.
“Watan” gazeti “Ömer Çelikden beýannamalar” söz başyly habarynda, Adalat we ösüş partiýasynyň metbugat geňeşçisi Ömer Çeligiň, partiýasynyň Merkezi ýerine ýetiriş geňeşinde gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakynda beýannama berendigini ýazýar.
Ömer Çelik “Galla krizisiniň çözülmegi taýdan Stambul ylalaşygy diýseň möhüm” diýdi.
“Hürriýet” gazeti, “Ministr Akar Amerikaly kärdeşi bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda Milli Goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn ABŞ-nyň Goranmak ministri Lloýd Ostin bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdgini mälim edýär.
Milli Goranmak ministrliginden berlen beýannama görä, iki kärdeş telefon söhbetdeşliginde özara we sebitara meseleler hakynda pikir alyşdy.
“Star” gazeti “Terror, Türkiýe we biziň üçin howply” söz başyly habarynda”, Eýranyň Daşary işler ministrliginiň metbugat geňeşçisi Nasyr Kenaniniň, Yrakdaky wakalara ünsi çekip, “Terror Eýran, Yrak we Türkiýe üçin howply” diýen sözlerine ýer berýär.
“Sabah” gazeti, “Antalýa howa ýoly arkaly gelen syýahatçylaryň sany 6 milliondan geçdi” söz başyly habarynda, ýanwar aýynyň 1-i bilen iýul aýynyň 24-i aralygynda Antalýa howa ýoly arkaly gelen syýahatçylaryň sanynyň geçen ýylyň degişli döwrü bilen deňeşdirilende 107 göterim artyp 6 million 133 müň 463 adama ýetendigini habar berýär.