“Ýeni Şafak” gazeti “Gresiýa jenaýat edýärkä saklandy” söz başyly habarynda, Gresiýanyň kenarýaka howpsyzlyk güýçleriniň, Egeý deňizinde migrantlary alyp barýan gämini yzyna itýärkä saklanandygyny ýazgar.
Türk gara suwlaryna girip migrantlary ölüme terk edýän grek gämisi uçarmansyz howa ulagy arkaly surata alyndy. Milli Goranmak ministrligi, Egeý deňizinde Gresiýa degişli kenarýaka howpsyzlyk güýçlerine degişli gäminiň migrantlary türk gara suwlaryna yzyna itýän ýazgylara ýer berdi. Migrantlar Türk kenarýaka howpsyzlyk güýçleri tarapyndan halas edildi.
“Star” gazeti “Türkiýäniň uçarmansyz howa awçysy inwentara girdi” söz başyly habarynda, Harby elektronika senagaty ASELSAN tarapyndan taýarlanan uçarmansyz howa awçysy “Şahin” ilkinji gezek inwentara girdi. Kiçi ýada mikro uçarmansyz howa ulaglarynyň hatardan çykarylmagy üçin taýarlanan Şahin, serhetleriň howpsyzlygynyň üpjün edilmegi we howa goranyşy ýaly ugurlarda ulanylar.
“Sabah” gazeti “Türk Kärdençelileri daşary ýurtda 132 täze taslama aldy” söz başyly habarynda, türk kärendeçileriniň daşary ýurtda üstümizdäki ýylyň 6 aýlyk döwründe täze 132 taslamanyň jogapkärçiligini öz üstüne alandygyny mälim edýär.
Türk kärendeçileriniň daşary ýurtlarda ýanwar-iýun aýlarynda öz üstüne alan täze taslamalarynyň jemi gymmaty 4,6 milliard dollara barabar. Täze taslamalara laýyklykda türk kärendeçileri Birleşen Arap Emirliklerinde we Saud Arabystanynda uly işleri durmuşa geçirer.
“Hürriýet” gazeti, “Newşehirden Ukraina pomidor eksport ediler” söz başyly habarynda, Ukrainanyň Russiýa bilen dowam edýän söweş sebäpli Türkiýeden gök we miwe önümlerini almaga başlandygyny habar berýär. Newşehiriň Kozakly etrabyndan ilkinji gezek Ukraina pomidor eksport ediler.
Newşehirden Moldowa, Serbiýa, Bolgariýa we Gollandiýa hem pomidor eksport edilýär.