Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Haber Türk gazedi: "Çawuşogly: Türkiýe hökmünde Balkanlaryň 90-njy ýyllardaky garaňky günlerine gaýdyp gelmegine rugsat bermejekdigini ençeme gezek nygtap geçdik" söz başyly habarynda, Kosowa döwletine sapar guran Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, Balkanlarda dartgynlygyň artandygyny görýändiklerini belläp: "Türkiýe hökmünde Balkanlaryň 90-njy ýyllardaky garaňky günlerine gaýdyp gelmegine rugsat bermejekdigimizi ençeme gezek nygtap geçdik" diýip aýdandygyny habar berýär.

Ýeni Şafak gazedi: "Jeýms Jeffri: Egeýdäki meselede Türkiýäniňki dogry" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Siriýa boýunça ozalky ýörite wekili we ABŞ-nyň Ankara şäherindäki Adatdan daşary we doly ygtyýarly ilçisi Jeýms Jeffriniň, Türkiýe bilen Gresiýanyň arasyndaky dartgynlyk bilen baglanşykly: "Takmynan 40 ýyl bäri Egeý deňizindäki hadysalara gözegçilik edýärin, Türkiýäniň aýdýanlary dogry" diýendigini mälim edýär.

Gazete Watan gazedi: "Milli Howpsuzlyk gullugyndan Süleýmaniýede operasiýa" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Milli Howpsuzlyk gullugynyň terror guramasy PKK-nyň Siriýa awtonom dolanşyk merkeziniň ýerine ýetiriji geňeşiniň egindeş baştutany siriýaly terrorçy Hüseýin Şiblini Yragyň Süleýmaniýa şäherinde täsirsiz ýagdaýa getirendigini aýan edýär.

Sabah gazedi: "Asmanda UHU, deňizde bolsa SDU" söz başyly habarynda, Bütin dünýäniň Türkiýäniň uçarmansyz howa ulagy barada gürrüň edýän günlerinde, Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň başlygy Ismail Demiriň, Sürü sürüjisiz deňiz ulagynyň taslamasyny çalt depginler bilen dowam etdirýändiklerini belläp: "Iki tapawutly uzynlykdaky we mümkinçilikdäki Sürüjisiz deňiz ulagynyň synagyny üstünlikli ýagdaýda amala aşyrdyk" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Star gazedi: "Leklerk: Türkiýe eýýäm ençeme wagt bäri dünýäniň ençeme ýurduna ýolbeletlik edýär" söz başyly habarynda, Türkiýäniň dünýäniň ençeme ýurduna jogapkärçilik we raýdaşlyk bilen ýolbeletlik edýändigini aýdan BMG-nyň Bosgunlar boýunça Ýokary komissarlygynyň Türkiýe boýunça wekili Filip Leklerkiň: "Ýol görkezen ýurtlary gutlamak örän möhüm. Türkiýe eýýäm ençeme wagt bäri ýolbeletlik edýär" diýendigini beýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjümi ýazgardy
Mewlüt Çawuşogly Şwesiýanyň NATO agzalygy barada beýanat berdi
Çawuşogly rus kärdeşi Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Mewlüt Çawuşogly Antalýanyň Kepez etrabynda halka ýüzlenip çykyş etdi
Mewlüt Çawuşogly ABŞ-da Türk Öýüne guralan hüjüm barada beýannama berdi
Çawuşogly Germaniýada žurnalistleriň göz tussaglygyna alynmagy barada beýannama berdi