Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Sabah gazedi: "Türkiýäniň NATO reaksiýasy ABŞ-nyň metbugatynda" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Skandinawiýa ýurtlary bolan Şwesiýanyň we Finlýandiýanyň NATO ýüz tutmasyny weto edip, şertlerini öňe sürmegi dünýäde giň seslenme döredendigini habar berýär.

ABŞ-nyň The Hill gazedi, mesele bilen bagly ABŞ-nyň senatory Ben Kardiniň beýanatynyň üstünde durup geçdi.Gazet Türkiýäniň Russiýa-Ukraina söweşinde gowy iş alyp barandygyny aýdan Kardiniň: "Türkiýe bilen gowy gatnaşyklarda bolmak biziň bähbidimize" diýendigini belleýär.

Ýeni Şafak gazedi: "Daşary işler ministri Çawuşogly Ysraýyla sapar gurar" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, 25-nji maýda çarşenbe güni Ysraýyla sapar gurajakdygyny mälim edýär. Sapar 15 ýyl arakesmeden soň Ysraýyla Daşary işler ministri derejesinde amala aşyryljak ilkinji sapar bolar.

Star gazedi: "Ministr Kojadan maýmyn mama kesele bilen bagly beýannama" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň, maýmyn mama keseli bilen bagly: "Haýwandan gözbaş alýan we kämahallar adamlara hem ýokýan bu kesel pandemiýa sebäp bolmaz" diýendigini aýan edýär.

Haber Türk gazedi: "Türkiýäniň sowutlysy Ýörük, ilkinji wezipesine Afrikada başlady" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Goranyş senagatynyň çäginde özgerdilen ýene-de bir sowutly ulagyň ilkinji wezipä başlandygyny beýan edýär. Ýörük 4X4 üçin 4 ýurt bilen ylalaşyk baglaşan Nurol Makina kärhanasy ilkinji eksportyny Çad döwletine amala aşyrdy.

Hürriýet gazedi: "WakyfBank Ýewropanyň Woleýbol konfederasiýasynyň Çempionlar Ligasynyň çempiony boldy" söz başyly habarynda, Türkiýäniň we Dünýäniň çempiony bolan WakyfBank woleýbol komandasynyň Ýewropanyň Woleýbol konfederasiýasynyň Çempionlar Ligasynyň final tutluşygynda Imoko Wolleý Konegliano komandasyny 3-1 hasabynda ýeňip Ýewropanyň Woleýbol konfederasiýasynyň Çempionlar Ligasynyň çempiony bolandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

WakyfBank komandasy şeýlelik bilen taryhynda 5-nji gezek Ýewropanyň Çempionlar ligasynyň çempiony boldy.

Ýene degişli makalalar

Çawuşogly: "Şwesiýanyň ädimleri ýeterlik derejede däl" diýdi
Alymlar ýowuz eýýamyň golaýlaýandygyny duýdurýarlar
Soňky 146 ýyldaky iň maýyl ýyl
Näme üçin Täze ýylda arça bezelýär?
Bagtly bolmagyň Skandinaw usuly
Sagdyn durmuş ýörelgesi — her bir raýatymyzyň saglyk berkligi