Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary hakyndaky habarlar gündelik gazetlerde giň seslenme döredýär.

“Sabah” gazeti, “Çawuşogly, terror goldaw berýändikleri sebäpli biz Finlýandiýanyň we Şwesiýanyň NATO agzalygyna garşy” söz başyly habarynda, NATO agza ýurtlaryň daşary işler ministrleriniň maslahatyna gatnaşmak üçin Germaniýanyň paýtagty Berline giden Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň, “Biz terror goldaw berýändikleri sebäpli Finlýandiýanyň we Şwesiýanyn NATO agzalygyna garşy durýarys” diýendigini ýazýar.

“Habertürk” gazeti, “NATO-nyň Baş sekretary Stoltenbergiň Türkiýe beýannamasy” söz başyly habarynda, NATO-nyň Baş sekretary Ýens Stoltenbergiň, Şwesiýanyň we Finlýandiýanyn gurama agzalygy barada “Türkiýe biziň esasy hyzmatdaşymyz. Türkiýe käbir aladalarynyň bardygyny aýtdy we hemişe bolşy ýaly NATO-da bu meseläni hem gepleşik arkaly çözjekdigimize ynanýaryn” diýen sözlerini okyjylarynyň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti, “MHG-nyň Kobani operasiýasy” söz başyly habarynda, Milli howpsyzlyk gulllugy tarapyndan gözlenýän terror guramasy PKK-a agza Haýri lakamly Ekrem Üstekiň, Siriýanyň Kobani etrapçasynda gizlenýän ýerinde täsirsiz ýagdaýa getirlendigini habar berýär.

“Ýenişafak” gazeti, “Russiýanyň Gezelenç operatorlary Türkiýäniň mümkinçiliklerine ünsi çekdi” söz başyly habarynda, Russiýanyň Gezelenç operatorlary bileleşiginiň, rus syýahatçylar üçin Türkiýäniň uly mümkinçilikler hödürleýändigine ünsi çekendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Dünýäniň iň uzyn ýahtalaryndan biri Bodrumda” söz başyly habarynda, dünýäniň iň uzyn 22-nji ýahtasy bolan “Flying Foksyň” Mugla welaýatynyň Bodrum etrabyna gelendigini mälim edýär. Ýahtanyň uzynlygy 136, ini 21 metr.

Ýene degişli makalalar

NATO-nyň Baş Sekretary Ankarada Saparda Boldy
“Hytaýa, Russiýa Berýän Goldawyndan Ýüz Öwürmegi Üçin Çagyryş Berýärin”
Günortada Türkiýesiz Ýewropanyň Howpsuzlygyny Üpjün Etmek Mümkin Däl
“Finlýandiýanyň Türkiýäniň ÝB-ne Agzalyk Etabyna Güýçli Goldaw Bermegine Garaşýarys”
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Uruşdan Soň Ýewropany Hyýal Etmek
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny