Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Erdogan: NATO hakykatçyl we strategik bolmaly” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň NATO-nyň liderler sammitinden soň beren beýanatynda; “Ýaranlarymyzdan bize goýulan embargolar gün tertibine hem gelmeli däl” diýen sözlerini ýazýar.

Erdogan; “Türk goranyş senagatynyň önümleriniň üstünlikleri hemmelere mälimkä duçar bolýan bökdençliklerimiziň ýerlikli sebäbi bolup bilmez.Goranyş senagatymyzyň öňünde käbir ýaranlarymyz tarapyndan goýulan bökdençilikleriň aýrylmagy umumy bähbidimize bolar” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Türkiýe töwellaçylyk etmäge taýýar” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň Türkiýäniň Russiýa bilen Ukraina arasyndaky söweşiň bes edilmegi üçin töwellaçylyk etmäge taýýardygyny aýdandygyna ünsleri çekýär. Erdogan; “Russiýanyň Prezidenti Putin we Ukrainanyň döwlet Ýolbaşçysy Zelenskiý bilen aragatnaşygymyz mundan beýläk hem dowam eder. Biziň bar tagallamyz şol iki lideri duşuşdyrmak we parahatçylyk şertini döretmek” diýdi.

“Sabah” gazeti “Türkiýäniň NATO-da eýe bolan ähmiýetine ýene-de bir gezek göz ýetirildi” söz başyly habarynda, hem NATO hem-de ÝB-ne agza ýurtlaryň liderleriniň NATO-nyň sammitinden ozal Türkiýä sapar edendiklerine ünsleri çekýär.

NATO-nyň sammitinde bolsa Prezident Erdogan köp sanly özara duşuşyk geçirdi.Türkiýäniň alýansda eýe bolan ähmiýetine ýene-de bir gezek göz ýetirildi.Onda, Türkiýäniň Russiýanyň Ukraina hücümlerinden soň iki ýurtlar bilen aragatnaşygy dowam etdirmeginiň, goranyş senagaty pudagyndaky üstünlikleriniň we energiýa hem-de söwda ugurlary üçin hem eýeleýän pozisiýasynyň täsiri uly boldy.

“Star” gazeti “İtalian İlçisi: Türkiýe Ýewropa üçin möhüm” söz başyly habarynda, İtaliýanyň Türkiýedäki İlçisi Girogio Marrapodiniň İtaliýanyň we Türkiýäniň güýçli gatnaşyklarynyň taryhynyň Osman imperiýasyna çenli uzap gidýändigini nygtap, geçen asyrlarda-da şol gatnaşyklaryň barha ösendigini aýdandyogyny ýazýar.

Marrapodi; “Türkiýäniň strategik güýcüne, potensialyna we İtaliýa bilen ýakyn gatnaşyklarynyň gelecegine ynanýaryn.Türkiýäniň pozisiýasy we ähmiýeti dünýä bilen elmydama güýçli ykdysady hem-de syýasy arabaglanşyklarynyň bolcakdygyny alamatlandyrýar” diýdi.

Ýene degişli makalalar

Ukraina NATO-dan Gyssagly 19 Sany Howa Goranyş Ulgamyny Isledi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Erdogan Bilen Rutte Telefon Arkaly Söhbetdeşlik Geçirdi
Russiýanyň Baş ştabynyň başlygy: "Günbatara garşylyk görkezeris" diýdi