“Haber Türk” gazeti “Prezident Erdoganyn testiniň netijesi negatiw” söz başyly habarynda, 5-nji fewralda taze görnüş koronawirusa ýolugan Prezident R.T.Erdoganyň soňky iki günde etdiren PJR testleriniň netijesiniň negatiw çykandygyny ýazýar. Erdogan Twitter hasabyndan beren habarnamasynda “Bu tapgyrda ýurdumyzyň we dünýäniň çar tarapyndan dogalary, ýagşy dilegleri bilen bizi goldan doğanlarymyza minnetdarlyk bildirýärin” diýip ýazdy.
“Star” gazeti “Erdogan: dartgynlygyň gowşadylmagy üçin tagallalarymyzy dowam etdirýäris” söz başyly habarynda, Prezident Erdoganyň Polşanyň Prezidenti Andreý Duda bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar.Telefon söhbetdeşliginde Türkiýe-Polşa gatnaşyklarynyň ähli ugurlarda hasam ösdürmek, strategik hyzmatdaşlygy Ýokary derejeli strategik Hyzmatdaşlyk geňeşi mehanizmi bilen täze derjä götermek isleýändiklerini beýan etdi.
Russiýa we Ukrainanyň arasynda başdan geçirilýän dartgynlyk bilen ýakyndan gyzyklanýandyklaryny nygtan Erdogan, bu meselede Türkiýäniň dartgynlygyň gowşadylmagy üçin tagallasyny dowam etdirýändigini aýtdy.
“Watan” gazeti “Türkiýäniň ykdysadyýeti 9 aýda 12 göterim ösdi” ösüş etdi” söz başyly habarynda, Türkiýäniň Biržalar we Palatalar Birleşmesiniň Başlygy Rifat Hisarjyklyoglunyň “Bazarlarda ykdysady ösüş başlady. Birinji 9 aýda ykdysadyýetimiziň ösüş depgine garalanda 12 göterimlik ösüş görýäris” diýendigini mälim edýär. Eksportda rekord goýulandygyny nygtan Hisarjyklyogly, “Senagat pandemiýadan ozalky depgine dolanyp geldi. Syýahatçylyk ösýär1” diýdi.
“Ýeni Şafak” gazeti “2021-nji ýylda iş üpjünçiligi rekordy” söz başyly habarynda, Türkiýede işsizlik mukdarynyň 11,2 göterime düşendigini, iş üpjünçilginiň bolsa bir ýylda 3, 223 000 adama ýetendigini mälim edýär.
Hyzmatlar pudagynda 2,2 million, senagatda 702,000, oba hojalyğynda 176 000 adam işe ýerleşdi. İş üpjünçiligi 30,1 million adam bilen ähli döwürleriň iň ýokary çägine ýetdi.
“Sabah” gazeti “Türkiýäniň energiýa özleşdirmesiniň depgini ýokary boldy” söz başyly habarynda, Türkiýäniň gaýtadan işlenýän energiýa pudagynda önümçilik we tehnologiýa merkezine öwrülmegi maksady bilen iş ýüzüne geçirilýän taslamalaryň möhüm sepgide ýetirilendigine ünsleri çekýär. 2000-nji ýyllarda gaýtadan işlenýän energiýa üpjünçiligi taýdan iňňän pes mümkinçilige eý ebolan Türkiýe, pudak boýunça goýan maýa goýumlary bilen jemi gaýtadan işlenýän energiýa güýji taýdan Ýewropada 5-nji, dünýäde 12-nji orny eýeleýär.