Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Çawuşogly Mottaki bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi” söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşolgunyň Owtganystanyň Wagtlaýyn hökümetiniň Daşary işler ministriniň wekili Ermirhan Mottaki bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirendigini ýazýar.

Telefon söhbetdeşliginde Kabul bilen birlikde Owganystandaky howa menzilleriniň Türkiýe-Katar şäherikliginde dolandyrylmagy boýunça gepleşiklerde ýetilen sepgit hakynda pikir alyşyldy.Mottaki ýurdunyn Hyrat şäherine baran ilkinji “Ýagşylyk otlusy” üçin Türkiýä sagbolsun aýtdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “ÝUHU Türkiýe üçin güýç serişdesi” söz başyly habarynda, Fransiýanyň “La Kroiks” gazetinde çap edilen analiz makalada “Türkiýäniň ýarag öndürýän harby güýç hökmünde günsaýyn öňe saýlanýandygyny” beýan edendigini ýuazýar. Gazetiň ýaragly uçarmansyz howa ulaglary hakynda analiz makalasynda Türk ÝUHU-laryna aýratyn üns çekilýär.

“Sabah” gazeti “Medeniýet we syýahatçylyk ministri: Syýahatçylykda 2021-nji ýylyň maksatlaryny artykmajy bilen berjaý etdik” söz başyly habarynda, Medeniýet we syýahatçylyk ministri Mehmet Nuri Ersoýyň; “Syýahatçylykda 2021-nji ýyl üçin öňde goýlan maksatlary berjaý etdik. 2021-nji ýylda öňki ýyl bilen deňeşdirilende 88 göterimlik ösüş bilen 30 milliondan gowrak myhman kabul etdik we 30 millionlyk psihiki çägi aşdyk” diýdi.

“Star” gazeti “Türk topary Antarktika gadam basdy” söz başyly habarynda, 6-njy Milli Antarktika ylmy saparyň çäginde ýola düşen türk toparynyň, uzak dowam eden ýolagçylykdan we karantin tapgyryndan soň ak materige gadam basandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Baklawa, künefe we dolamadan NFT öndürildi” söz başyly habarynda, Jek Dorseýiň twitinden internediň baza kodlaryna, gazetleriň makalasyndan wiral wideolara çenli her gün özüni görkezýän adaty bolmadyk NFT taslamalarynyň üstüne ýene-de biriniň goşulandygyny mälim edýär. Türk datly restorany künefe, baklawa we dolama ýaly datlylaryň NFT görnüşlerini öndürdi.

Ýene degişli makalalar

Zyýat Hil konditer dükany türk baklawalarynyň birnäçe görnüşini hödürleýär
Ysraýyl Çagalar Seýilgähine Hüjüm Gurady
Türkmen telekeçileri Dubaýdaky “Gulfood 2024” sergisinde öz önümleri bilen tanyşdyrdylar
Balam konditer kärhanasynyň süýjülikleri Moskwada geçirilen halkara ýaryşda baýraga mynasyp boldy
Türkmen kärhanalary öz önümlerini Moskwadaky “Prodekspo-2024” sergisinde görkezýärler
Türkmenistanyň ilçisi Şri-Lankanyň daşary işler boýunça döwlet ministri bilen duşuşdy