“Haber Türk” gazeti “Warank: Türkiýe 2021-nci ýylda senagat eýeçiligi boýunça ýuztutmalarda we şahadatnamalary almakda öňe saýlandy” söz başyly habarynda, Senagat we tehnologiýalar ministri Mustafa Warankyň “2021-nci ýyda dowam eden Kowid-19 pandemiýasyna garamazdan ýerli ýüztutmalarda we şahadatnamalary almakda edilen ösüşler bilen ençeme ýurtdan öňe saýlanmagyň hötdesinden geldik.
Geçen ýyl edilen 352 geografik belgi tassyklamasy bilen cemi bellige alynan geografik belgileriň sany 990-a ýetdi.Häzirki wagtda ÝB tarapyndan bellige alynan 7 sany geografik belgimiz bar” diýen sözlerini okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Hürriýet” gazeti “Baýraktar AKYNCY TİHA-nyň ilkinci eksport şertnamasy baglaşyldy” söz başyly habarynda, Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy İsamail Demiriň “Baýraktar Akyncy” uçarmansyz howa hücüm ulagy boýunça ilkinci eksport şertnamasynyň baglaşylandygyny aýdandygyny ýazýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “ABŞ-da 1 million dollar býucetli abraýly kürsä türk lukmany bellendi” söz başyly habarynda, ABŞ-nyň Arkansas Lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň 13-nci ýanwarda Kiser adyndaky gulak-burun-bogaz we kelle hirurgiýasy kürsüsine türk lukmany Özlem Tulunaý Ugury belländigini mälim edýär.
“Sabah” gazeti “Gündogar ekspresiniň “Acaýyp ýolagçylygy” dünýä metbugatynda” söz başyly habarynda, Fransiýanyň “AFP” habarlar gullugynyň “Acaýyp ýolagçylyk” söz başysy bilen Gündogar ekspresini tanyşdyrandygyny ýazýar. Britaniýanyň “İndependent” gazeti bolsa “Dünýäniň iň acaýyp 4 otly liniýasy” söz başysyny saýlap aldy. “AFP-niň” habaryny neşir eden “Euronewsiň” saýtynda “Türkiýäniň paýtagtyo Ankaradan ugrap, Anadolynyň baýyrlaryndan, Ýefradyň ýaýlaglaryndan geçýär” frazasy ulanylýar.
“Sabah” gazeti “Türkiýä uly isleg bildirilýär” söz başyly habarynda, Türkiýäniň syýahat gulluklary bileleşiginiň Başlygy Firuz Baglykaýanyň Türkiýede garyň hili we infrastrukturasy bilen öňe saýlanýan lyža merkezlerine daşary ýurtly syýahatçylar tarapyndan ýokary isleg bildirilýändigini nygtap, “Häzirki satuwlar 2021-nci ýyldakydan 2-5 esse ýokary dowam edýär” diýen sözlerini çap edýar.