Hürriýet gazedi: "Prezidentiň Ýokary Geňeşiniň maslahatynda Pariž Klimat ylalaşygy güntertibe getirildi" söz başyly habarynda, Prezidentiň Ýokary Geňeşiniň maslahatynyň düýn Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň baştutanlyk etmeginde geçirilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ýurdyň paýtagty Ankara şäherindäki Prezidentiň Kompleksinde geçirilen maslahatda, Türkiýäniň Pariž klimat ylalaşygyny mejlisde tassyklap durmuşa geçirilmeginden soň ediljek işler ara alynyp maslahatlaşyldy.
Sabah gazedi: "Erdogandan Milli Deňiz topunyň synag atyşlaryna bagyşlanan dabarada möhüm ýüzlenmeler" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň düýn Maşyn guluşyk we himiýa senagatynyň çäginde döwlet-hususy pudagyň hyzmatdaşlygynda öndürilen, Milli Deňiz topunyň synag atyş çäresine ugradan ýüzlenmesinde, Türkiýe tarapyndan oýlanyp tapylan milli deňiz topy bilen indi bu ýarag ulgamyny öndürýän belli ýurtlaryň hataryna goşulandygyny beýan edýär.
Watan gazedi: "Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşogly: Krymyň bikanun ýagdaýdaky anneskiýasyny ykrar etmeris" söz başyly habarynda, Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň düýn Şwesiýanyň paýtagty Stokgolm şäherinde geçirilen Ýewropada Howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk guramasynyň (ÝHHG) 28-nji Daşary işler ministrler geňeşiniň maslahatynda Krymyň bikanun ýagdaýdaky anneksiýasyny ykrar etmejekdiklerini belläp: "Günorta Kawkazda hemişelik parahatçylyk üçin mümkinçilikler penjiresi bar" diýendigini aýan edýär.
Haber Türk gazedi: "Noýabr aýynda eksport rekord derejä ýetdi" söz başyly habarynda, Söwda ministri Mehmet Muşyň düýn beren beýanatynda: "Eksportymyz noýabr aýynda geçen ýylyň noýabr aýyna garanyňda 33,4 göterimlik artyş bilen, 21,5 milliard dollar derejesine ýetdi. Bu görkeziji iň ýokary aýlyk görkezijisidir" diýendigini mälim edýär.
Star gazedi: "25 ýyl soň ilkinji gezek" söz başyly habarynda, Türkiýäniň we Liwiýanyň arasynda ýolagçy gämi gatnawlarynyň 25 ýyl soň ýaňadandan başladyljakdygyny habar berýär.