Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Haber Türk” gazeti “Ykdysadyýetde täze strategiýa” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň: “Türkiýe ýokary prosent stawkaly ulgamdan aýrylyp, önümçiligi, eksporty ileri tutýan strategiýa geçdi” diýen sözlerini çap edýär. Erdogan; “Ýurdumyzyň tas dünýä boýunça ösüşini dowam etdiren ýeke-täk ykdysadyýete öwrülmegini ine şol özgertme bilen amala aşyrdyk” diýdi.

“Hürriýet” gazeti “Ministr Koca: Pandemiýanyň soňy eciz wariantlar bilen geler” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kocanyň sosial media hasabyndan beren habarnamasynda; “Wiruslar, grippe sebäp bolýan influenzadaky ýaly wagtyň geçmegi bilen özgerýär.

Biziň alyp barýan göreşimize we özgerýän şertlere garşy wiruslar hem göreş alyp barýar. Ýagny täze görnüş koronawirus hem täze wariantlara alada bildirip biler, emma pandemiýanyň soňunyň eciz wariantlar bilen gelcekdigini ýatdan çykarmaň” diýip ýazdy.

“Ýeni Şafak” gazeti “Turkowakda” soňky taýarlyklar tamamlandy” söz başyy habarynda, adatdan daşary şertlerde ulanylmak üçin rugsada garaşýan ýerli Kowid-19 sancymy “Turkowakyň” iki desgada öndürilmegi üçin taýarlyklaryň tamamlanandygyny mälim edýär. Türkiýäniň Derman we lukmançylyk encamlary guramasynyň laboratoriýasyna ugradylan ýerli Kowid-19 sancymyna dekabr aýynyň ortasynda rugsat berilmegine garaşylýar. Sancymlar öndürilenden soň 14 günlük synagdan geçirilip, ulanmaga hödürlener.

“Star” gazeti “Polşa: Türk ÝUHU-larynyň satyn alynmagy möhüm ylalaşyk” söz başyly habarynda, Polşanyn Prezidenti Andreý Dudanyn türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň satyn alynmagynyň möhüm ylalaşykdygyny nygtap, Türkiýe bilen bar bolan gowy gatnaşyklaryň howpsuzlyk pudagyndaky başlangyçlaryň ösmäge dowam etcekdigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

“Sabah” gazeti “BMG global operasiýalary Türkiýeden gönükdirer” sö başyly habarynda, BMG-niň gumanitar çökgünliklere çäre görüş merkezi bolan Ynsanperwerçilik işleri boýunça utgaşyklyk ofisiniň Türkiýede şahamça açmak hakyndaky ylalaşygyň tassyklanandygyny okycy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär. Ylalaşyga laýyklykda ofis Ženewada ýerleşýän global operasiýalardan cogapkär düzümini Stambula göçürmegi meýilleşdirýär.

Ýene degişli makalalar

15-nji Iýul Gaýtadan Dogluşyň Hekaýatydyr
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metrbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny