Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Star gazedi: "Erdogan: Dünýäde 1-nji orunda" söz başyly habarynda, Çanakgala welaýatynda Troýa muzeýinde geçirilen, “Ezineli Ýahýa Seržant” atly dokumental filmiň tanyşdyrylyş çäresinde ýaşlar bilen duşuşyk geçiren Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, 1915 Çanakgala köprüsi bilen baglanşykly, köprüniň bir tarapynyň Aziýa materigidigini, beýleki tarapynyň bolsa Ýewropa materigidigini, köprüniň 2 materigi biri-biri bilen birleşdirýändigini belläp: "18-nji Mart Köprüsi dünýäde 1-nji orunda" diýendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Watan gazedi: "Daşary işler ministrligi: Ahyska türklerine gerek bolan goldawy bermäge dowam ederis" söz başyly habarynda, Daşary işler ministrliginiň Ahyska türkleriniň ata watanlaryndan sürgüne ugradylmaklarynyň 77-nji ýyly bilen bagly: "Şu günki güne çenli bolşy ýaly mundan soň hem Ahyska türkleriniň ata watanlaryna gaýdyp gelmek tapgyryna ýakyndan gözegçilik etmäge we kowumdaşlarymyza gerek bolan goldawy bermäge dowam ederis" diýendigini habar berýär.

Ýeni Şafak gazedi: "Karaismailogly buşlukly habary berdi: Ilkinji we ýeke täk elektrik tokda işleýän otly gelýär" söz başyly habarynda, Transport we Infrastruktura ministri Adil Karaismailoglynyň: "Dizaýn tizligi sagatda 176 kilemtre, işleýiş tizligi bolsa sagatda 160 kilometr boljak görnüşde milli we ýerli elektrik tokda işleýän ilkinji otlynyň önümçiligi bilen bagly işler tamamlandy.

Otlylarymyzy gysga wagtyň içinde raýatlarymyzyň hyzmatyna bereris" diýendigini mälim edýär.

Hürriýet gazedi: "Ýewropanyň iň çydamly howa menzilidiris" söz başyly habarynda, Stambul howa menziliniň dolandyryjysy IGA kärhanasynyň Ýerine ýetirijiler geňeşiniň başlygy we Baş direktory Kadri Samsunlynyň: "Stambul howa menzili hökmünde Ýewropanyň iň çydamly howa menzilidiris. 2020-nji ýylda 1-nji boldyk we 2021-nji ýylda hem 1-nji bolarys diýip çak edýäris" diýendigini beýan edýär.

Sabah gazedi: "Dünýä Kubogynyň howpsuzlygy Türkiýäniň polisiýa işgärlerine amanat" söz başyly habarynda, Dünýäniň iň uly çäreleriniň biri bolan we 2022-nji ýylyň 21-nji noýabr we 18-nji dekabr aralygynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde geçiriljek Bütindünýä Futbol çempionatynyň howpsuzlygyny Türkiýäniň polisiýa işgärleriniň üpjün etjekdigini aýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Ministrler Kabinetiniň Mejlisi Çanakaýa Köşgünde Geçirildi
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Galla Geçelgesi Ylalaşygynyň Möhledi Uzadyldy