Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Hürriýet gazedi: "Erdogan: Ýylyň ahyrynda iki belgili ösüş görkezijilerine eve bolarys" söz başyly habarynda, Türkiýäniň Prezidenti Rejep Taýýip Erdoganyň, Türkiýäniň 2023-nji ýyl sammitine wideo ýüzlenme ugradyp, Türkiýäni önümçilik, eksport, maýa goýum we iş üpjünçiligi esasynda ösdürmäge dowam etdijekdiklerini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Erodgan; “Halkara guramalary 9 göterimlik ösüş çaklaýan hem bolsalar, ýylyň ahyrynda iki öýjükli ösüş görkezijilerine eve boljakdygymyzy pikir edýäris” diýdi.

Ýeni Şafak gazedi: "Erdogan: Türk Geňeşi doganlygyň, jebisligiň we hyzmatdaşlygyň simwoly ýagdaýyna geldi" söz başyly habarynda, Prezident Rejep Taýýip Erdoganyň, Türk Geňeşiniň Bilim ministrleriniň 6-njy maslahatyna we Halkara Türk Akademiýasynyň Ylmy geňeşiniň 4-nji maslahatyna ugradan wideo ýüzlenmesinde: "Geçen 12 ýyllyk döwürde geňeşimiz, aramyzdaky doganlygyň, jebisligiň we hyzmatdaşlygyň simwoly ýagdaýyna geldi" diýip aýdandygyny habar berýär.

Star gazedi: "Çawuşogly: Bu teklip Baýden tarapyndan geldi" söz başyly habarynda, ABŞ-nyň PKK/PÝD/ÝPG bilen edýän gatnaşyklarynyň, FETÖ-niň ABŞ-daky barlygynyň we S-400 bilen baglanşykly sanksiýalaryň hyzmatdaşlyk ruhuna bap gelmeýändigine ünsleri çeken Daşary işler ministri Mewlüt Çawuşoglynyň: "Hormatly Prezidentimiz bulary açyk ýagdaýda geçiren duşuşygynda aýdyp geçdi.

Indi bolsa bu meseleleri ele aljak iş toparyny dörederis.Ozal hem ABŞ-na şular ýaly teklip hödürländigimizi aýdypdyk, indi bolsa şoňa meňzeş teklip Baýden tarapyndan bize geldi" diýendigini mälim edýär.

Sabah gazedi: "Kalyn F-35 bilen bagly beýanat berdi" söz başyly habarynda, Prezidentiň Metbugat geňeşçisi Ibrahim Kalynyň, ABŞ bilen başdan geçirilýän F-35 krizisi bilen baglanşykly, ileri tutýan ugurlarynyň programma goşulmakdygyny, eger bolmaýan bolsa onda F-16-lar bilen öwezi dolmak ýoluna ýüz tutup biljekdiklerini aýdandygyny aýan edýär.

Haber Türk gazedi: "EBRD Türkiýäniň ýylyň ahyryndaky ösüş çaklamasyny 9 göterime çenli ýokarlandyrdy" söz başyly habarynda, Ýewropanyň Dikeldiş we galkynyş banky EBRD-yň Sebitleýin Ykdysady görkezijiler habarnamasynda Türkiýäniň 2021-nji ýyldaky ösüş çaklamasyny 5,5 göterimden 9 göterime çenli ýokralandyrandygyny beýan edýär.

Ýene degişli makalalar

Çawuşogly: "Energiýa üpjünçiliginde Ýewropanyň möhüm aktory ýagdaýyna geldik" diýdi
Türkmenistan Türkiýäniň TOGG elektrik awtoulagyna isleg bildirdi
Mewlüt Çawuşogly ysraýylly kärdeşi Eli Koen bilen telefon arkaly söhbetdeş boldy
Çawuşogly "Asyrlaryň diplomatik tejribesi" atly simpoziumda çykyş etdi
Mewlüt Çawuşogly Aksa metjidi bilen bagly beýannama berdi
Prezident Erdogan Russiýanyň Daşary işler ministrini kabul etdi
Türkiýe Enegetika Boýunça Global Güýje Öwrüldi