Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Maksat baýrama çenli 70 göterimi sanjymlamak” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň Gurban baýramyna (20-nji iýul) çenli sanjymlanmaly 18 ýaşdan ýokardaky 62 milliona barabar ilatyň 70 göteriminiň azyndan bir doza sanjymlanmagyny maksat edinýändiklerini aýdandygyny ýazýar. Ministr Koja; “Göçme toparlarymyzyň sanyny mümkingadar artdyryp, gysga möhletde maksada ýetmegi we köpçülikleýin immuniteti emele getirmek isleýäris” diýdi.

“Star” gazeti “Tatar: İki baýramy bilelikde belläp geçeris” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň 20-nji iýulda Kipr parahatçylyk operasiýasynyň 47-nji ýyllygynyň bellenilip geçiljekdigini nygtap, “Gurban baýramynyň hem birinji gününe gabat gelýän 20-nji iýuldaky dabaralara taýarlyk görýäris. Şol dabaralarda enşalla Prezident R.T.Erdogan we wekiliýeti hem Kiprde biziň bilen bolar, bilelikde iki baýramy belläp geçeris” diýen sözlerini çap edýär.

“Sabah” gazeti “Syýahatçylyk pudagynyň wekilleriniň Russiýadan täze uçuş şatlygy” söz başyly habarynda, Russiýanyň Türkiýä uçar saparlaryny başlatmagyndan soň ýene-de 13 şäherden uçuş habarynyň gelip gowşandygyny mälim edýär. Russiýanyň Federal Howa gatnawy gullugy Türkiýä tarifli we çarter uçuş edilýän şäherlere 12-nji iýuldan başlap ýene-de 13 şäheriň goşuljakdygyny beýan etdi.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýe ÝUHU güýji hökmünde beýgelýär” söz başyly habarynda, Merkezi Londonda ýerleşýän “Dron söweşleri” saýtynyň Türkiýäniň ýaragly uçarmansyz howa ulaglary maksatnamasy hakynda çap eden makalasynda, Türkiýäniň uçarmansyz howa ulagy önümçiligine we eksportuna dowam edýän bolsa, ýewropalylaryň bu ugurda giç galandygyny nygtaýandygyny ýazýar.

Makalada Türkiýäniň ABŞ-nyň we Ysraýylyň ÝUHU tehnologiýasy bilen bäsleşýändigi bellenilip; “Türkiýäniň uçarmansy howa ulagynyň sany günsaýyn artýar” diýilýär.

“Hürriýet” gazeti “1915 Çanakgala köprüsiniň gurluşygynda göteriji troslaryň gurnaýyş işlerine başlandy” söz başyly habarynda, geljek ýyl ulanmaga beriljek Aziýa we Ýewropa materiklerini birikdirýän 1915 Çanakgala köprüsiniň gurluşygynyň ýokary depginde dowam edýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Köprüniň palubalarynyň oturdylmagy üçin göteriji troslar gurnalýar. Özbolyşly inženerçilik usuly bilen ünsleri çekýän köpri Çanakgala Deňiz ýeňişiniň 107-nji ýyllygyna gabatlanyp, 2022-nji ýylyň 18-nji martynda ulanmaga beriler.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
Çanakkalede Bosgunlary Alyp Barýan Gämi Batdy