Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Hürriýet” gazeti “BMG-niň Türkiýe hakyndaky çagyryşy” söz başyly habarynda, BMG-niň Migrasiýa düzüminiň Direktory Antoniu Witorinonyň köp sanly bosgun kabul eden Türkiýe ýaly ýurtlar üçin “arkalaşygyň we borçlaryň bölüşilmegi” barasynda çagyryş edendigini ýazýar.

“Sabah” gazeti “Türkiýeden Liwiýa yzgiderli Ro-ro gatnawy başlady” söz başyly habarynda, “Karanfil Group” firmalaryndan “KRN Linesiň” özara söwda mukdarynyň artdyrylmagy maksady bilen synag maksatly amala aşyrylan Ro-ro gatnawlaryny yzgiderli häsýetde ýerine ýetirmäge başlandygyny mälim edýär.

“Ýeni Şafak” gazeti “İki ýurtdan 8 milliona barabar syýahatçy geler” söz başyly habarynda, Russiýadan uçuş çäklendirmesiniň bes edilmeginden soň syýahatçylaryň köpçülikleýin gelmäge başlandygyna ünsleri çekýär.Howa gatnawy 45 göterim artan bolsa, myhmanhanalara bolan isleg iňňän ýokarlady. Ýylyň ahyryna çenli Russiýadan gelen jemi syýahatçy sanynyň 4,-4,5 milliona, Germaniýadan geljek jemi syýahatçy sanynyň bolsa 2,5-3 milliona barabar bolmagyna garaşylýar.

“Watan” gazeti “SunExpressiň” Antalýadan we Izmirden Ženewa uçuşlary başlaýar” söz başyly habarynda, Türk howa ýollary bilen Lufthansanyň bilelikdäki kampaniýasy bolan SunExpressiň 27-nji iýunda Antalýadan, 2-nji iýulda bolsa Izmirden Şweýsariýanyň Ženewa şäherine gönüden tarifli uçuşlarynyň başlajakdygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti” Grizu-263 Kosmos Komandasy” ABŞ-daky model kosmos bäsleşiginde ünsleri özünde jemledi” söz başyly habarynda, Zonguldak Bülent Ejewit uniwersitetiniň inženerçilik fakultetiniň talyplaryndan ybarat bolan Grizu-263 Kosmos komandasynyň ABŞ-da geçirilen Kansat Kompetition Model Kosmos Bäsleşiginde 4-nji orny eýeländigini mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Berdimuhamedowyň “Ýaşlar-Watanyň Daýanjy” Atly Kitaby Ankarada Tanyşdyryldy
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentine Arkadag şäheriniň açylmagynyň bir ýyllygy mynasybetli Gutlag iberdi
'Öwrülişikli özgeriş' salgymy bilen sahna çykan syýasy karýera
Halk Maslahatynyň Başlygy Türkmenistanyň Prezidentini Gurban baýramy mynasybetli gutlady
Magtymguly Pyragy belent ylham çeşmesi
Magtymguly sözüň bilene sözdür