Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Star” gazeti “Oktaý: Bilelikde guralyň” söz başyly habarynda, Prezidentiiň orunbasary Fuat Oktaýyň Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynda iş ýüzüne geçirilýän taslamalara Türkiýäniň goldawynyň dowam etjekdigini beýan edip; “Özbaşdaklygyna eýe bolan we önümçiligi güýçli Demirgazyk Kipri bilelikde guralyň” diýen sözlerini çap edýär.

“Hürriýet” gazeti “Milli goranmak ministri Akaryň Owganystan hakyndaky beýannamasy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn beren beýannamasynda ABŞ bilen Kabul halkara howa menziliniň howpsuzlygy boýunça geçiriljek gepleşikler hakynda: “Esgerlerimiz bar, häzirki wagtda goşun ugradylmaz. Maksadymyz owgan doganlarymyzyň howpsuzlygyna goşant goşmak” diýendigini mälim edýär.

“Watan” gazeti “Ministr Koja: “Koronawirusa gary göreşde sanjymlamada täze tapgyra geçildi” söz başyly habarynda, Saglygy goraýyş ministri Fahrettin Kojanyň düýn Ylmy geňeşiň maslahatydan son koronawirusa garşy göreşde sanjymlama boýunça täze tapgyra geçilendigini aýdandygyna ünsleri çekýär.

Ministr Koja ertirden başlap 17 ýaşyny dolduran raýatlaryň sanjym etdirmek üçin ýüz tutup biljekdigini aýtdy.Ministr Koja aýratynam Hindistanda ýüze çykan Delta mutasiýasynyň Türkiýede 134 adamda anyklanandygyny mälim etdi.

“Sabah” gazeti “Ministr Dönmez yglan etdi: Anna güni resmi taýdan açylýar” söz başyly habarynda, Energetika we tebigy serişdeler ministri Fatih Dönmezin Türkiýäniň tebigy gazda diwersifikasiýalaşdyryş işleriniň depginini suwklandyrylan tebigy gaz we FSRU taslamalary bilen güýçlendirendigini, ertir Hataý welaýatynyň Dörtýol Ertugrul Gazi FSRU desgasynyň resmi taýdan açyljakdygyny aýdandygyny ýazýar.

“Haber Türk” gazeti “Ministr Karaismailogly: 5G-de taýarlyklar ýokary depginde dowam edýär” söz başyly habarynda, düýn ýerli we milli şertlerde taýarlanan 5G infrastrukturasy arkaly ilkinji aragatnaşygy amala aşyran Ulaglar we infrastruktura ministri Adil Karaismailoglunyň 5G ulgamyna degişli ýörite usulyýetiň, üpjünçiligiň we operatiw maksatnamalaryň esasy böleginiň taýarlanandygyny aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

Ýene degişli makalalar

Prezident Erdogan Türkiyä gaýdyp geldi
Awtonom taksiler peýda bolar
MÖWSÜMLEÝIN KESELLERDEN GORANYŇ!
“Apple” öz telefonlarynyň ätiýaçlyk şaýlarynyň satuwyna başlar
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki Çykyşy
Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň mejlisindäki çykyşy