“Haber Türk” gazeti “Ministr Akar we serkerdeler serhetde” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň, Baş ştabyň başlygy general Güler we Guryýer goşunlarynyň Serkerdesi general Dündar bilen düýn Yragyň demirgazygyndaky harby bazalara baryp görebdigini ýazýar.
Ministr Akar; “Penje-Ýyldyrym” operasiýalary üstünlikli dowam edýär. Ähli hinlerine girdik.Biz terrory ortadan aýyrmakda ygrarly.Gysga möhletde bärde asudalygy we parahatçylygy üpjün ederis” diýdi.
“Hürriýet” gazeti “MGM beýan etdi: “Atak” dik uçarlary bilen täsirsiz ýagdaýa getirildiler” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministrliginiň düýn “Penje-Ýyldyrym” operasiýa zolagynda anyklanan 2 PKK terrorçysynyň “Atak” dik uçary bilen täsirsiz ýagdaýa getirilendigini beýan edendigini ýazýar. Habarda ministrligiň operasiýanyň çäginde täsirsiz ýagdaýa getirilen terrorçylaryň sanynyň 46-a ýetendigini habar berendigi nygtalýar.
“Ýeni Şafak” gazeti “Türk harby gämisi “TJG Gaziantep” Liwiýanyň ýalpaklarynda 123 bosguny ölümden halas etdi” söz başyly habarynda, Liwiýanyň ýalpaklarynda kömek üçin çagyryş eden 123 bosgunyň Türk ýaagly güýçlerine degişli “TJG Gaziantep” gämisiniň başlangyjy we Liwiýanyň kenarýaka howpsyzlyk güýçleriniň goldaw bermeginde halas edilendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetriýär.
“Sabah” gazeti “Ukrainaly syýahatçylaryň Kowid-19 tapgyrynda dynç alyş ýeri Türkiýe boldy” söz başyly habarynda, Mugla welaýatynda koronawirus şertlerinde taýarlyklaryny tamamlap, hyzmat bermäge başlan syýahatçylyk desgalarynyň ukrainaly syýahatçylary kabul edýändigine ünsleri çekýär. Mugla gelen 350 adamlyk ukrainaly topar iki hepdelik dynç alyşlaryny Fethiýede we Marmarisde ýerleşýän myhmanhanalarda geçirer.
“Star” gazeti “Lissabonda milli karateçiler 3 sanysy altyn, 9 medal aldy” söz başyly habarynda, Milli ýygyndy karate komandasynyň Portugaliýanyň paýtagty Lissabonda geçirilen we 2020-nji ýyldaky Tokio olimpia oýunlary üçin kwota balyny berýän 1-nji Karate premýer ligasynyň Lissabon tapgyryny 3 altyn we 6 bürünç medal bilen tamamlandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.