Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Watan” gazeti “Preezident Erdoganyň Çanakgala ýüzlenmesi” söz başyly habarynda, Preizident R.T.Erdoganyň Çanakgala guryýer söweşlerinin 106 ýyllygy mynasybetli çap eden ýüzlenmesinde “Çanakgala ruhuny ýaşatmak, ýurdumyzy güýçli gelejege ýetirmek ugrunda egilşiksiz tagallamyz dowam eder” diýendigini ýazýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Terror pozisiýalary ýumruldy” söz başyly habarynda, Yragyň demirgazygynda terryr guramasy PKK garşy guralan “Penje-Ýyldyrym” operasiýalarynyň dowam edýändigine ünsleri çekýär. Gazet Milli goranmak ministrliginden berilen beýannamada “Penje-Ýyldyrym” operasiýalarynyň çäginde terrorçylaryň hinlerine girildi, harby howa güýçlerimiz terror pozisiýalaryny ýer bilen ýegsan etdi” diýilýändigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.

“Star” gazeti “Tatar: Türkiýä bärde güýçli pozisiýa eýeleýär, hukuklarymyzy gorar” söz başyly habarynda, Demirgazyk Kipr Türk Respublikasynyň Prezidenti Ersin Tataryň Gresiýada çap edilýän “Katimerini” gazetine beren interwýusynda Türkiýe bilen köp ugurly bähbitleriniň bardygyny beýan edip; “Türkiýe beýik döwlet, bu ýurduň hemaýatkäri, ene watan. Bu ýurtda uly abraýy bar” diýendigini ýazýar.

“Hürriýet” gazeti “Aksunguryň uly üstünligi” söz başyly habarynda, Goranyş senagaty edarasynyň Başlygy İsmail Demiriň “Aksungur” ýaragly uçarmansyz howa ulagynyň ilkinji gezek 340 kilogram agramy bolan KGK-ÝUHU-82 bilen 30 kilometr alysdaky nyşanany üstünlik bilen urandygyny beýan edendigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýar.

“Sabah” gazeti “Milli göreşçi Ryza Kaýaalp 10-njy gezek Ýewropa çempiony” söz başyly habarynda, Ýewropanyň göreş çempionatynyň grek-rim göreşi boýunça 130 kilogram kategoriýada bäsleşen Ryza Kaýaalpyň gruzin bäsdeşi İokabi Kažaýany ýeňip, altyn medal alandygyny we 10-njy gezek Ýewropanyň çempiony bolandygyny mälim edýär.

Ýene degişli makalalar

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türki döwletleriň gün tertibiniň ileri tutulýan ugurlary
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türk mebugatynyň gysgaça mazmuny
Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny
Türkiye Nebit Pudagy Boýunça Maksatnamalaryny Artdyrdy
Çanakkalede Bosgunlary Alyp Barýan Gämi Batdy