Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

Türk metbugatynyň gysgaça mazmuny

“Sabah” gazeti “Prezident Erdogan ýerli sanjym boýunça beýannama berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyn düýn D-8-e girýän ýurtlaryň 10-njy Sammitinde koronawirusa garşy öndüriljek ýerli sanjym hakynda : “Türkiýede adamlarda synagdan geçirilýän ýerli sanjymymyzy “hiç kimiň yzda galdyrylmazlygy” ýörelgesine laýyklykda bütin adamzadyň ulanmagyna hödürläris” diýen sözlerini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.

“Star” gazeti “Germaniýanyň “FAZ” gazeti: “Türk ÝUHU-lary nemes goşunlaryny çäre görmäge mejbur etdi” söz başyly habarynda, Germaniýanyň köp tiražly gazetleriň “Frankfurter Algemaýne Zatung” gazetinin Azerbaýjan tarapyndan peýdalanylan türk ýaragly uçarmansyz howa ulaglarynyň 190-dan gowrak ermeni tankyny we sowutly ulagyny hatardan çykmagy bilen bagly habarlaryň nemes goşunynda agyr täsir galdyrandygyny ýazandygyna ünsleri çekýär.

Nemes gazetinde çap edilen makalada türk ÝUHU-larynyň şol üstünliginin nemes harby goşunlaryny çäre görmäge mejbur edendigi nygtalýar.

“Ýeni Şafak” gazeti “Türkiýeden 95 ýurda çaý eksport edildi” söz başyly habarynda, Türkiýeden 2021-nji ýylyň ýanwar-mart aýlarynyň aralygynda 95 ýurda edilen çaý eksportunyň geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende 23, gymmat taýdan bolsa 33 göterim ýokarlandygyny mälim edýär. Edilen çaý eksportundan alynan girdeji bolsa 5,1 million dollara barabar boldy.

“Hürriýet” gazeti “La Ligadan Kappadokiýa sýužetli El Kasio tanyşdyrmasy” söz başyly habarynda, Ispaniýanyň birinji futbol ligasynyň 30-njy hepdesinde Real Madrid bilen Barselonanyň arasynda 10-njy aprelde oýnaljak El Klasiko bäsleşiginiň öň ýanynda Kappadokiýadan sýužetleri içine alýan wideo roligin ýaýlyma berilendigine ünsleri çekýär.

Tanyşdyryş wideo roliginde Türkiýäniň esasy syýahatçylyk merkezlerinden biri bolan Kappadokiýada ýyly howa şarlarynyň üstünde taryhy Piramidalaryň panoramasynda Real Madrid bilen Barselonanyň baýdaklary pasyrdaýar.

“Haber Türk” gazeti “Boston türk film festiwalynyň 20-nji guralar” söz başyly habarynda, türk kinosynyň saýlama nusgalaryny görkezýän ABŞ-daky Boston türk film festiwalynyň 20-njisiniň aprel aýynyn 15-30-y aralygynda geçiriljekdigini ýazýar. Koronawirus sebäpli onlaýn formatda geçiriljek festiwalda döwrebap türk kinosyndan nusgalar amerikaly tomaşaçylara görkeziler.

Ýene degişli makalalar

Pariž Olmpiadasyny geçirmek üçin 8,2 milliard dollar sarp edildi
Jimmi Kimmel Oskar baýragynyň gowşurylyş dabarasyny alyp barar
Tbiliside köne awtoulaglaryň festiwaly geçdi
Astananyň Şaýollaryndan Birine Anadoly Ady Dakyldy
8 oýunda 1 gol geçiripdi, 4-nji ýerdäki topary myhmançylykda ýeňdi
“Royal Palace” Ýewropa 7 günlük syýahat aksiýasyny hödürleýär
L'Oreal kompaniýasynyň satuwlary 10 milliard ýewro ýetdi