“Sabah” gazeti “Erdogan ykdysady we hukuk ugurlary boýunça özgertmeler hakynda beýannama berdi” söz başyly habarynda, Prezident R.T.Erdoganyň düýn beren beýannamasynda ykdysadyýet we hukuk ugurlarynda ediljek özgertmeler boýunça alynyp barylýan işleriň tamamlanyp barýandygyny buşlap; “Halk köpçüliginiň dykgatyna hödürlenme tapgyryna gelindi” diýendigini ýazýar.
“Haber Türk” gazeti “Milli goranmak ministriniň Erbile guran saparynda Sinjar we Mahmur meselesi ara alynyp maslahatlaşyldy” söz başyly habarynda, Milli goranmak ministri Hulusi Akaryň düýn Erbilde Yragyň kürt awtanomiýasynyň premýer-ministri Mesrur Barzani bilen awtanomiýanyň ozalky prezidenti we Kürdistan demokratik partiýasynyň ilderi Masud Barzani bilen özara duşuşyklar geçirendigini mälim edýär.
Duşuşyklarda ekstremist terror guramasy PKK-nyň sebitde alyp barýan işleri we guramanyň soňky tapgyrda Mahmur hem-de Sinjardaky pozisiýasy boýunça pikir alyşyldy.
“Star” gazeti “Ministr Pekjan: 128 ýurtda 10,525 taslamany iş ýüzüne geçirýäris” söz başyly habarynda, Söwda ministri Ruhsar Pekjanyň düýn beren beýannamasynda türk kärendeçilik pudagynyň dünýäniň 128 ýurdunda 418,7 milliard dollar gymmaty bolan 10,525 taslamany iş ýüzüne geçirýändigini aýdandygyny okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.
“Hürriýet” gazeti “Milli fyrkat “Stambul” 23-nji ýanwarda ulanmaga beriler” söz başyly habarynda, Milli fyrkat “Stambulyň” 23-nji ýanwarda ulanmaga beriljekdigini ýazýar. Gazet Prezidentiň ýanyndaky Goranyş senagaty edarasynyň utgaşdyrmagynda Deňiz güýçleriniň inwentaryna goşuljak “I” kysymly fyrkatlaryň ilkinjisi bolan “Stambulyň” ýokary howa goranyş we suwüsti söweş, deňizasty goranyş söweşi hem-de gözegçilik işlerini alyp barjakdygyna ünsleri çekýär.
“Ýeni Şafak” gazeti “Stambul howa menzili Ýewropanyň iň köp ýolagçy gatnadan howa menzili boldy” söz başyly habarynda, Stambul howa menzilinin ýolagçy sany boýunça Ýewropanyň esasy howa menzillerinden öňe geçip, 23,4 million ýolagçy bilen birinji orny eýeländigini okyjy köpçüliginiň dykgatyna ýetirýär.